turkmenistany-we-turki-ni-prezidentini-arasynda-telefon-arkaly-sohbetdeslik

Türkmenistanyñ we Türkiýäniñ prezidentiniñ arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

16 Mart 2022 00:29

15-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Türkmen lideri dostlukly döwletiň Baştutany bilen mähirli salamlaşyp, Merkezi saýlaw topary tarapyndan yglan edilen, 12-nji martda geçirilen Prezident saýlawlarynyň netijelerine laýyklykda Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň täze Prezidenti wezipesine saýlanandygyny habar berdi.

Şunda Türkmen lideri işini Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde işjeň dowam etmegi göz öňünde tutýandygyny belledi.

Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutany türkiýeli dostuna we kärdeşine netijeli döwletara gatnaşyklary hem-de ýola goýlan hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti, öz nobatynda, Türkmen Liderini giň bäsleşik esasynda nobatdan daşary Prezident saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady.

Türkiýe Respublikasynyñ prezidenti Rejep Taýyp Erdogan döwleti dolandyrmaga has ýaş, gujur-gaýratly ýolbaşçylara bermek baradaky parasatly çözgüdini makullap, türkmen liderine täze ugurda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Prezident Berdimuhamedow, Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine berk jan saglyk, uzak ömür hem-de ähli başlangyçlarynda üstünlikler arzuw edip, telefony Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentine geçirdi.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Türkmen döwletiniň täze saýlanan Baştutanyny saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa bu möhüm we jogapkärli wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi

Serdar Berdimuhamedow iň ýokary döwlet wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlaglary we iň gowy arzuwlary üçin Rejep Taýyp Erdogana tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň öňki Prezidentiniň başlan ýoluny dowam etdirjekdigini, hususan-da, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça netijeli çäreleri görjekdigini hem-de ýola goýlan netijeli döwletara gatnaşyklaryny hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilen başlangyçlary we tagallalary goldajakdygyny aýtdy.

Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türk Liderine berk jan saglyk we jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, doganlyk döwletiň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Habarlar