turkmenistany-ykdysady-eti-osus-depgini-6-2-goterime-de-boldy

Türkmenistanyñ ykdysadyýetiñ ösüş depgini 6,2 göterime deñ boldy

Türkmenistanda şu ýylyň ýanwar aýynda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterime deň boldy.

04 Şubat 2022 15:03

2022-nji ýylyñ 3-nji fewralynda hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda milli ykdysadyýetiň pudaklary tarapyndan şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem döwlet durmuşynyň möhüm wezipelerine garaldy.

Döwlet Baştutany mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer şu ýylyň ýanwar aýynda milli ykdysadyýetiiň pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterime deň boldy. Bu görkeziji senagat pudagynda 7,4 göterime, gurluşykda 0,3 göterime, ulag-kommunikasiýa toplumynda 4 göterime, söwdada 8,8 göterime, oba hojalygynda 3,2 göterime, hyzmatlar ulgamynda bolsa 6,1 göterime barabar boldy.

Ýanwar aýynda öndürilen önümleriň derejesi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 7,7 göterim köpeldi.

Hasabat döwründe bölek haryt dolanyşygynyň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,9 göterim artdy. Bu görkeziji daşary söwda dolanyşygynda 6,3 göterime deň boldy.

Şu ýylyň ýanwar aýynyň deslapky jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 102 göterim, çykdajy böleginiňki bolsa 83,2 göterim berjaý edildi.

Iri we orta kärhanalar boýunça ortaça aýlyk haky, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,4 göterim köpeldi. Aýlyk haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

Habarlar