turkmennebit-dowlet-konsernine-250-million-manatdan-gowrak-mocberde-ma-a-go-um

“Türkmennebit” döwlet konsernine 250 million manatdan gowrak möçberde maýa goýum gönükdiriler

Ýurduñ nebitgaz pudagyny ösdürmek üçin maýa serişdeleriň gönükdirilmegi boýunça Karara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni geçirilen iş maslahatynyň dowamynda gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

09 Şubat 2022 15:53

Resminama laýyklykda, Merkezi bank “Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik bankyna “Türkmennebit” döwlet konsernine nebitgaz ýataklaryny gözlemegiň we özleşdirmegiň hasabyna nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça göz öňünde tutulan işleri maliýeleşdirmek üçin karz serişdelerini bölüp berer.

Maslahatyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Şahym Abdrahmanow öz hasabatynda türkmen tebigy gazynyň dünýä bazarlaryna iberilýän mukdaryny artdyrmak, halkara gaz geçirijileriň ugurlaryny giňeltmek boýunça degişli düzümleriň utgaşykly işiniň ýola goýlandygy barada habar berdi.

Türkmen lideri hasabaty diňläp, önümçiligiň diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň we sanly ulgama geçirilmeginiň Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň kuwwatyny artdyrmagyň wajyp strategiýasy bolup durýandygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Döwlet Baştutany ýakynda “Türkmengaz” döwlet konsernine we “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasyna maýa goýum serişdeleriniň bölünip berlendigini nygtap, pudaga ýene-de maýa goýmak kararyna gelendigini habar berdi. Şeýle-de hormatly Prezident “Türkmennebit” konsernine 250 million manatdan gowrak möçberde maýa goýumyny gönükdirmek baradaky Karara gol çekýändigini aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda geçiren iş maslahatynyň dowamynda “Türkmengaz” döwlet konsernine we “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasyna 243 million 530 müň manat möçberinde döwlet karz serişdesini bölüp bermek baradaky  karara gol çekipdi.

 

Habarlar