turkso-azerba-jan-sahyry-we-akyldary-nizami-genjewi-hormatyna-surat-we-miniat

TÜRKSOÝ, Azerbaýjan şahyry we akyldary Nizami Genjewi hormatyna surat we miniatýura sergisi açdy

Türki dilli ýurtlaryñ halkara medeniýet guramasy TURKSOÝ tarapyndan Azerbaýjan şahyry we akyldary Nizami Genjewiniñ doglan gününiñ 880 ýyllygyna bagyşlanyp surat we miniatýura sergisi açyldy.

03 Mart 2021 22:26

TURKSOÝ-uñ ýer eýeçiliginde guramanyñ baş merkezinde açylan surat we miniatýura sergä, Azerbaýjanyñ medeniýet ministri Anar Kerimow, Azerbaýjanyñ Türkiýedäki adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Hazar Ibrahim bilen bilelikde köp sanda myhman gatnaşdy.

Medeniýet ministri Anar Kerimow çärede eden çykyşynda Türk dünýäsi üçin uly işleri, taslamalary, çäreleri durmuşa geçirýän TURKSOÝ-a uly minnetdarlygyny ýetirip  dine Azerbaýjan we Türk Dünýäsi üçin däl eýsem tutuş adamzat üçin uly şahyr we akyldar bolan Nizami Genjewini hatyralamak üçin sergi gurnalmagy we Azerbaýjanly suratkeş Mikaýyl Abdullaýewiñ eserleriniñ sergilenmeginden uly hoşal bolandygyny aýtdy.

TURKSOÝ-uñ baş sekretary Dusen Kaseinow eden çykyşynda Azerbaýjanda 2021-nji ýyl Prezident Ilham Aliýewiñ kabul eden kararyna laýyklykda “Nizami Genjewi ýyly” yglan edilendigini ýatladyp Nizaminiň hormatyna mynasyp çäreleri gurnamak maksat edilýändigi we bu hususda TURKSOÝ-uñ esaslandyryjy agzalardan biri bolan Azerbaýjanyň goldawlaryny gaýgyrmaýandygyny aýtdy.

Kaseinow Nizaminiň goşgularynyň Musulman gündogar halklarynyñ kitap sungaty, miniatýura suratkeşligi, bezeg sungaty we beýleki sungat pudaklarynyň ösmegine uly goşant goşandygyny belläp geçdi.

Çäre konsert we sowgatlaryň gowşurulmagy bilen soñlandy

Habarlar