turkso-turki-dilli-dowletleri-garassyzlyklaryny-30-yllygyna-bagyslap-konser

TÜRKSOÝ, Türki dilli döwletleriñ garaşsyzlyklarynyñ 30 ýyllygyna bagyşlap konsert gurady

TÜRKSOÝ bilen Türkmenistanyñ Medeniýet Ministirligi bilelikde Türki dilli döwletleriñ garaşsyzlyklarynyñ 30 ýyllygyna bagyşlap “Türk Dünýäsiniñ Reñkleri” atly konsert gurady.

26 Şubat 2021 20:23

Bu konserte Türkiýe, Türkmenistan, Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Azerbaýjan, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikalary ýaly dünýäniň ençeme döwletlerinden  250-den gowrak dürli wezipeli adamlar, sazşynaslar, meşhur kompozitorlar we beýleki sungat ussatlary wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar. Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen konsertde Türkmenistanyñ medeniýet ministri Atageldi Şamyradow we TÜRKSOý-uñ baş sekretary Dýüsen Kaseinow çykyş etdiler.

Dýüsen Kaseinow eden çykyşynda TURKSOY-yň agza ýurtlardan alýan güýç bilen halklaryň arasynda medeni we sungat gatnaşyklaryny pugtalandyrmagy maksatlaýan köp sanda taslamany durmuşa geçirmek üçin tagalla edýändigini nygtap bu formatda ilkinji gezek geçirilýän bu konserti guramagyň  özleri üçin aýratyn bir buýsanç we begenç çeşmesi bolandygyny aýtdy.

Kaseinow, Türk dünýäsiniň tanymal sungat toparlarynyň halk aýdym-sazlaryny, tanslaryny ýerine ýetiriljek bu konsert bilen  garaşsyzlyk  dabaralaryny uly tolgunma we joşgun bilen başladýandyklaryny aýtdy.

Konsertde Azerbaýjan döwlet halk gurallary orkestri, Karagandi Tattimbet Gazagystanyň akademiki halk gurallary orkestri, Nur-Soltan döwlet akademiki filarmoniýa gazak halk saz gurallary orkestri we "Korkyt" etno halk döredijiligi ansambly, Bişkek Gyrgyz halk saz gurallary orkestri, "Akak" Komuz Topary , Ankara Türk Dünýä aýdym-saz ansambly, Türkmenistan halk saz gurallary orkestri, Özbegistan döwlet filarmoniýa akademiki halk gurallary orkestri, Tatarstan döwlet tans we aýdym-saz ansambly, Başkortostan milli halk saz gurallary orkestri we “Düz Awa” Gagauz aýdym-saz ansambly milli aýdym-saz nusgalaryny ýerine ýetirdiler.

Habarlar