turkso-u-bas-sekretarlyk-wezipesini-gowsurys-dabarasy-gecirildi

TÜRKSOÝ-uñ baş sekretarlyk wezipesiniñ gowşuryş dabarasy geçirildi

Düsen Kaseinow wezipesini Sultan Raýewe gowşurdy.

12 Nisan 2022 15:43

Türki halkaryñ halkara medeniýet guramasynyň (TÜRKSOY) baş binasynda, baş sekretarlyk wezipesini gowşuryş dabarasy gurnaldy.

Dabara, Türkiýäniñ daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly we Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý gatnaşdy.

Daşary işler ministri Çawuşogly dabarada eden çykyşynda:” Sultan Raýewiñ žurnalist, döwlet gullukçusy, ministr we halkara derejede gazanan tejribeleri bilen TURKSOÝ-a uly goşant goşjakdygyna ynanýaryz”-diýdi.

Baş sekretarlyk wezipesini 2008-njki ýyldan bäri üstünlikli ýerine ýetiren Düsen Kaseinowyñ Türki dünýäsine edýän hyzmatlarynyñ dowam etjekdigini nygtap geçen ministr Çawuşogly, Kaseinowyñ tejribeleri bilen Türki dünýäsine hyzmat etmäge dowam etjegine ynamyñ çäksiz bolandygyny aýtdy.

Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý, TURKSOÝ saýasynda türki dilli halklar arasynda jebislik we arkalaşygyñ hasam pugtalanandygyny belläp geçdi.

Düsen Kaseinow, TÜRKSOÝ-uñ baş sekretarlyk wezipesini Sultan Raýewe gowşurdy.

Habarlar