turksoy-turkmenistany-hemiselik-bitaraplygyny-25-yllygyny-gutlady

TÜRKSOY, Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 25 ýyllygyny gutlady

Türki dilli ýurtlaryň Halkara medeniýet guramasy TÜRKSOY, Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 25 ýyllygyny gutlady

03 Aralık 2020 13:24


Türki dilli ýurtlaryň Halkara medeniýet guramasy TÜRKSOY tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň 12 ýurtdan we sebitden 150-den gowrak sungat işgärleriniň gatnaşmagynda taýýarlanan ýörite wideo bilen bellenilendigi aýdylýar. Beýanatda bu şanly baýramçylyk gününe bagyşlanyp TÜRKSOY-a agza ýurt we sebitlerden gelen işgärleriniň Türkmen halkynyň Milli “ Küşdepdi” halk tansyny ýerine ýetirmeginde wideo taýarlanandygy habar berildi.  Bu wideonyň online görnüşde geçirilen gala görkezilişiginde TÜRKSOY-yň Baş sekretary Dusen Kaseinow, Türkmenistanyň Medeniýet ministri Atageldi Şamyradow bilen Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Täjigistan, Türkmenistan, Türkiýe, Moldowa Gagawuz Awtonom Sebiti, Russiýa Federasiýasyna bagly Tatarstan, Başkortostan, Kabardin-Balkar we Saha-ýatakutyň aýdymçylary gutlag ýüzlenmesi bilen çykyş etdiler. Bu wideo arkaly Türk Dünýäsiniň sungat işgärleri Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna “agzybirlik" şygaryny aýtdylar.

Anahtar Kelimeler: Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, TÜRKSOY,

Habarlar