turlmen-lybaslarynda-h-zirki-zaman

Türlmen lybaslarynda häzirki zaman

Aşgabatda 12 ― 17-nji fewral aralygynda lybas dizaýnerleriniň arasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan Altyn iňňe bäsleşigi geçirildi.

18 Şubat 2021 09:51

Türkmenistanda döwrebap we milli dokma önümleriniň öndürilip, matalaryň teksturasynyň täzeçe ulanylmagy we geometrik, ösümlik, haýwan, nagyş şekilleriniň sazlaşygyndan düzülen egin-eşikleriň döredilmegi bilen tapawutlanýar. Şu günki gün türkmen geýminiň häzirki zaman akymy emele gelmek bilen, ol köp sanly kök atmalaryň, ýeňleriň, ýakalaryň, bezeg görnüşleriniň iň oňat däplerini özünde jemleýändigi bilen häsiýetlenýär.

Egin-eşik adamyň maddy medeniýetiniň bir bölegi bolup, dürli döwürlerde özboluşly suduryny we reňk sazlaşygyny özünde jemläpdir we adamyň daşky keşbiniň emele gelmegine täsir edipdir. Emma adam gözelliginiň derejesi mydama üýtgäp durýar. Şol sebäpli egin-eşikleriň görnüşleri hem özgerýär. Egin-eşik adamyň daşky keşbini şöhlelendirip, onuň içki ruhy dünýäsini ýüze çykarýar we belli bir derejede adamyň psihologik, jemgyýetçilik, ýaş we taryhy häsiýetnamasy bolup durýar. Şahsyýetiň döredijilik işi we gözellik baradaky garaýyş-tejribesi terbiýäniň serişdesi bolmak bilen, egin-eşik adamy gurşap alýan dünýäniň bir bölegidir. Egin-eşigiň döremegi geýmiň dürli şekilleriniň we biçüwleriniň yzygiderli gözleglerinden ybaratdyr.

Aşgabatda 12 ― 17-nji fewral aralygynda lybas dizaýnerleriniň arasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan Altyn iňňe bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige hususy moda öýleri, hususy dizaýnerler, tikinçiler, toý salonlary we beýlekiler gatnaşdylar.

Habarlar