uc-yklymy-ortasynda-orun-al-an-turki-e-logistika-ta-dan-uly-mumkunciliklere-e-e

Üç yklymyň ortasynda orun alýan Türkiýe logistika taýdan uly mümkünçiliklere eýe

Aziýa, Ýewropa we Afrika materigiñ ortasynda orun alýan we üç tarapy deñiz bilen gurşalan Türkiýe logistika babatynda daşary ýurt maýadarlaryna uly mümkinçilikler berýär.

30 Mart 2021 11:46

Türkiýede soñky ýyllarda gury ýer, howa we deňiz transportyna uly maýa goýumlary goýulmagy daşary söwda görkezijilerinde öz beýanyny tapýar. Soñky 18 ýylyñ dowamynda 930 miliarda golaý logistika pudagynda maýa goýuldy. Munuň 62 göterimini ýol maýa goýumlary emele getirýär.

Göz öňünde tutulan döwürde bölünen ýoluň uzynlygy 6100 kilometrden 28195 kilometre çenli, awtoulag ýolunyň uzynlygy bolsa 1714 kilometrden 3523 kilometre çenli ýokarlandy.

Raýat howa menzillerinde ýyllyk ýolagçy kuwwaty 317,85 million

 Türkiýe howa gatnawyna hem ep-esli maýa goýdy.

Başda Stambul howa menziliniñ durmagynda bu pudakda uly taslamalary durmuşa geçiren Türkiýäniň geçen ýyl  howa menzilleriniñ sany 56-a ýetdi. Bu howa menzilleri ýyllyk jemi 317,85 million ýolagça ýer eýeçiligi edýär.

Ýolagçy gatnawy 2019-njy ýylyñ ahyrynda 208,9 milliona ýetdi. Bu mukdar 2020-nji ýylda ýüze çykan täze görrnüş koronawirus epidemiýanyñ ýaramaz täsirine garamazdan 81,7 million boldy.

Demirýoly pudagyna goýulan maýagoýumlar

Demirýol maýagoýumlary, soňky ýyllarda Türkiýäniñ logistika kuwwatynyň ýokarlanmagyny üpjün edýän pudaklaryñ arasynda orun alýar.

Ýewropa tarapyna Bolgariýa, Rumyniýa, Wengriýa, Polşa, Awstriýa, Slowakiýa, Çehiýa we Germaniýa, Bakuw-Tbilisi-Kars demirýoly liniýasynyň üsti bilen bolsa Gruziýa, Azerbaýjan, Gazagystan, Türkmenistan, Özbegistan, Gyrgyzystan we Täjigistan, şeýle hem Russiýa we Hytaýa ýük otlylary gidýär.

Wan-Kapyköý serhet stansiýasy arkaly Eýrana we başga ýerlere ýük otlylary gidýär; Pakistana we Owganystana hem ýük otly gatnawlaryny başlatmak boýunça işler alnyp barylýar.

Geçen ýyl portlarda 139 million eksport ýükleri hasaba alyndy

Üç tarapy deňiz bilen gurşalan Türkiýe, portlaryñ üstü bilen amala aşyrylan söwda nukdaýnazaryndan möhüm orny eýeleýär.

Bosfor we Dardanel bogazlary Gara deňziň kenarýaka ýurtlaryna has günorta sebitlere gitmäge mümkinçilik berýär we bu ýurtlaryň deňiz arkaly dünýäniň beýleki ýurtlary bilen aragatnaşyk saklamagyny üpjün edýär.

Halkara gämi we port desgalarynyň howpsuzlyk kodeksi (ISPS) şahadatnamasyna eýe bolan we tutuş ýurt boýunça täjirçilik ýük daşamak hyzmatlaryny berýän 182 kenarýaka desgasy bar.

Geçen ýyl bu desgalarda 486 million 702 müň 168 tonna ýük hasaba alyndy we olaryñ 138 million 902 müň 823 tonnasyny eksport ýükleri emele getirdi.

Geçen ýyl 226,5 million tonna import we 138,9 million tonna eksport bolmak bilen jemi 365,4 million tonna daşary söwda deniz gatnawy amala aşyryldy.

Habarlar