ukraina-garassyz-dowletleri-arkalasygy-bilen-ene-iki-sertnamadan-cekildi

Ukraina, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bilen ýene iki şertnamadan çekildi

Ukraina, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bilen raýat we harby maksatlar üçin howa giňişliginiň ulanylmagy baradaky iki şertnamadan çekildi.

24 Şubat 2021 11:21

Ukrainanyň prezident köşkünden berilen beýannamada Prezident Wladimir Zelenskiniň bu mesele boýunça karary tassyklandygy bellenildi.

Karara laýyklykda, Ukrainanyň 1991-nji ýylda Minskde we 1992-nji ýylda Daşkende GDA-nyň çäginde gol çekişilen howa giňişligini raýat we harby maksatlar üçin ulanmak baradaky iki şertnamadan çekiljekdigi mälim edildi.

Ukraina, GDA-nyň çäginde hökümetara poçta we elektron aragatnaşyk pudagyndaky şertnamadan hem çekilipdi.

Habarlar