ukraina-hindistanda-ondurilen-kovid-19-sanjymdan-500-mu-doza-satyn-alar

Ukraina, Hindistanda öndürilen Kovid-19 sanjymdan 500 müň doza satyn alar

Ukrainanyň Kowid-19-a garşy Hindistan tarapyndan öndürilen “Covishield” sanjymynyň 500 müň dozasyny satyn aljakdygy habar berildi.

21 Şubat 2021 12:40

Hindistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynyň “Facebook” hasabyndan berilen beýannamada sanjymlaryň 1-nji bölümiň ýakyn wagtda Ukraina ugradyljakdygy bellenýär. Kowid-19 sanjymy bolan “Covishield” üçin Ukraina bilen 500 müň dozalyk şertnama gol çekişilendigi habar berilen beýannamada Ukrainanyň sanjymyň fewral aýynda ugradyljak ilkinji ýurtlaryň hatarynda boljakdygy bellendi.

Kovid-19 sanjymlar global elýeterlilik maksatnamasyna (COVAX) laýyklykda 8-16 million sanjym satyn almagy meýilleşdirýän Ukraina, “Sinovac Biotech” derman firmasy bilen 2020-nji ýylyň dekabr aýynda 1,9 million dozalyk sanjym üçin ylalaşdy. Ukrainada soňky 24 sagadyň dowamynda edilen testlerde ýene 6295 adamda koronawirusyň bardygy anyklandy.

Habarlar