ukraina-novavax-dan-15-million-doza-kowid-19-sanjymy-satyn-alar

Ukraina Novavax-dan 15 million doza Kowid-19 sanjymy satyn alar

Ukraina, ABŞ-da ýerleşýän “Novavax” biotehniki kompaniýasyndan 15 million dozada Kowid-19 sanjymy satyn alar.

22 Şubat 2021 14:03

Ukrainanyň saglygy goraýyş ministri Maksim Stepanow metbugata beren beýanatynda “Nowawax” sanjymy boýunça ýöredilen gepleşikleriň üstünlikli geçendigini nygtap jemi 15 million dozada sanjym satyn alynjakdygyny habar berdi. Ministr Stepanow, sanjymlaryň iýul aýyndan başlap ýurda getirilmäge başlanjakdygyny aýtdy.

Ukrainanyň Hindistandan sargyt eden 500,000 dozalyk "CoviShield" sanjymynyň 150,000 dozalyk 1-nji bölümi, şu gün Türk Howaýollaryna degişli bolan uçar bilen  Kiýewe getirildi.

Bulardan başga-da, Kovid-19 Sanjymlar Halkara Elýeterlilik Maksatnamasyna (COVAX) laýyklykda 8-16 million doza sanjym satyn almagy meýilleşdirýän Ukraina, hytaý Sinowak derman kärhanasy bilen 2020-nji ýylyň dekabr aýynda 1,9 million doza sanjym üçin ylalaşyga gol çekipdi.

Habarlar