ukraina-rus-gosunlary-harkow-s-herine-girdi

Ukraina: Rus goşunlary Harkow şäherine girdi

Ukrainanyň içeri işler ministriniň orunbasary, rus goşunlarynyň Harkow şäherine girendigini mälim etdi.

27 Şubat 2022 11:42

Rus goşuny, Ukrainanyñ 2-nji uly şäheri bolan Harkowa girdi. Rus goşunuñ Harkowda öñe gidişligi dowam edýär.

Russiýanyñ goranmak ministrligi, Rus harby güýçleriñ Ukrainanyñ Herson we Berýansk şäherini gabaw astyna alandygyny mälim etdi.

Donbass krizisi we Russiýanyñ Ukraina garşy hüjüm başlatmagy

Ukrainada 2014-nji ýylda baş beren wakalardan soñ ýewropa tarapdary bir hökümet ýurduñ başyna geçdi we prezident Wiktor Ýanukowiç ýurtdan gaçdy. Russiýa Krymy bikanun anneksiýa etdi, Ukrainada ilatyñ aglabasy rus bolan  Donesk we Lugansk sebitlerini özbaşdak dolanyşyk diýip ykrar etdi.

Russiýa tarapdary separatist toparlar bilen Ukrainanyñ harby güýçleri arasynda çaknyşyklar baş berdi. Russiýa we Ukraina arasynda 2014 we 2015-nji ýylda Minsk ylalaşygy gol çekildi. Ýöne od atyşygyñ bes edilmegi ylalaşygy basgalanmaga dowam etdi. Çaknyşykda köp adam ýogaldy.

Russiýa, 2021-nji ýylyñ soñlarynda Ukraina serhedine on müñlerçe esger ornaşdyrmaga başlady. Ýewropa döwletleri Ukraina garşy hüjüm guralan ýagdaýynda Russiýa garşy sanksiýalar goýmak bilen duýduryş berdi. Russiýa ilki Donbass we Lugansk Halk Respublikalaryny ykrar etdi yz ýanyndan bolsa 2022-nji ýylyñ 24-nji fewralynda Ukraina garşy harby operasiýa başlatdy.

Russiýanyñ prezidenti Wladimir Putin metbugata beren beýanatynda maksatlarynyñ Ukrainanyñ hökümeti tarapyndan öldürilýän adamlary goramak, Ukrainany faşizm we militarizden saplamak bolandygyny öñe sürip Ukrainanyñ goşununa ýaraglaryny taşlamagy üçin çagyryş berdi.

Habarlar