ukrainada-harby-duzgun-yglan-edildi

Ukrainada Harby Düzgün Yglan Edildi

Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiý ýurtda harby düzgün yglan etdi.

24 Şubat 2022 09:25

prezident  Zelenskiý halkyna “Mejbur bolmasaňyz öýleriňizden çykmaň” diýip, çagyryş berdi we ýurtda harby düzgüniň yglan edilendigini aýtdy.

Zelenskiý Russiýanyň Ukraina guraýan harby operasiýasy hakynda bolsa; “Eger-de janymyza, azatlygymyza, çagalarymyza hüjüm etseler, özümizi gorarys. Hüjüm etmeris, özümizi gorarys” diýdi.

Ukrainanyň lideri; “Russiýa infrastrukturamyz bilen serhet goragçylarymyza raketa hüjümini gurady. Ýurdun ençeme şäherinde partlamalar boldy” diýdi.

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, Ukrainanyň gündogaryndaky Donbassa garşy harby hüjüm başladandyklaryny habar berdi.

Wladimir Putin ertiriň irki sagatlarynda telewideniýe arkaly halka ýüzlenip çykyş etdi.

Ukrainanyň gündogyndaky seperatist dolanşygyň Russiýadan harby kömek sorandygyny ýatladan Putin “Ukrainanyň gündogarynda Donbassa garşy harby hüjümiň guralmagyna karar berdim. Harby hüjüm 8 ýyldan bäri resmi Kiýew tarapyndan gyrgynçylyga sezewar bolýan ynsanlary guramagy maksat edinýär. Russiýa Federassiýasynyň raýatlary bilen birlikde asuda ilata garşy jenaýat edýänleri adalata tabşyrmak we Ukrainanyň basyşyndan halas etmek üçin tagalla ederis” diýdi.

Putin, Ukrainanyň territoriasyny basyp almak niýetleriniň ýokdygyny nygtady.

Beýleki tarapyndan Russiýa, Ukraina we Belarus bilen bolan günbatar serhedinde howa giňişligini ýolagçy gatnawyna ýapandygyny habar berdi.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Ukrainanyň gündogaryndaky Donbassda ýörite harby operasiýa guran Russiýa "Ölüm we weýrançylyk üçin diňe Russiýa jogapkär. Dünýä Russiýany jogapkärçilige çeker" -diýdi.

Habarlar