ukrainada-krym-tatar-aslary-canakkale-halk-a-dymyny-erine-etirdiler

Ukrainada Krym Tatar ýaşlary “Çanakkale” halk aýdymyny ýerine ýetirdiler

Ukrainada Krym tatar ýaşlary, 18-nji Mart Şehitleri Hatyralama Güni we Çanakgala ýeñişiniñ 106 ýyllygy mynasybetli “Çanakkale” halk aýdymyny ýerine ýetirdiler.

19 Mart 2021 19:06

Krym Maşgalasy Jemgyýetçilik guramasynyñ tagallasy bilen durmuşa geçirilen taslamada ýaşlar hory tarapyndan  “Çanakkale” halk aýdymy ýerine ýetirildi we režisor Antem Seýtablaýew tarapyndan sýomka çekildi.

Krym Maşgalasy jemgyýetçilik guramasynyñ başlygy Anife Kurtseýtowa Anadoly Agentligine beren interwýusynda Çanakgala söweşiniñ Krym tatarlary üçin iññän möhim waka bolandygyny we bu sebäpdenem 18-nji Mart Şehitleri Hatyralama Güni we Çanakgala ýeñişiniñ 106 ýyllygy mynasybetli bir taslama durmuşa geçirmek kararyny kabul edendiklerini aýtdy. Taslamany öz mümkinçilikleri bilen durmuşa geçirendiklerini bellän Kurtseýtowa: “ Türkiýe biziñ üçin möhim bir döwlet. Perzentlerimiz we biz Türkiýäni we Türk halkyny söýýöris. Bu sebäpdenem bu taslama biziñ üçin örän möhümdi. Taslamamyzy Türk hallkyna sowgat edýäris”-diýdi.

Türkiýäniñ Ukrainadaky Ilçihanasy hem Krym tatar ýaşlarynyñ ýerine ýetiren “ Çanakkale” halk aýdymyny twitter hasabyndan paýlaşyp” 18-nji Mart Çanakgalla ýeñişiniñ 106 ýyllygy mynasybetli Krym Tatar ýaşlarymyz her diñlänimizde gözümüzden ýaş damlayan Çanakkale aýdymyny ýerine ýetirdiler. Köp sagboluñ ýaşlar!!! Köp sagboluñ Krym Maşgalasy!!! Eliñize, sesiñize, ýüregiñize saglyk!!!”- ýazyldy.

 

Habarlar