ukrainada-parahat-ilaty-gocurulmegi-ucin-yglan-edilen-wagtla-yn-ot-atysygy-be

Ukrainada parahat ilatyñ göçürülmegi üçin yglan edilen wagtlaýyn ot atyşygyñ bes edilmegi başlady.

Russiýanyñ Goranmak ministrliginiñ Ukrainanyñ Kiýew, Harkow, Çernigow, Sumi we Mariupol şäherlerinden parahat ilatyñ göçürülmegi üçin yglan edilen ot atyşygyñ bes edilmegi ylalaşygy Moskwa sagady bilen 10:00-da güýje girdi.

09 Mart 2022 12:19

7-nji Martda Belarusyñ Brest sebitinde Russiýa we Ukrainanyñ wekiliýeti arasynda geçirilen 3-nji gepleşiklerde iki tarap ynsanperwer koridoryñ döredilmegi babatynda ylalaşyk gazandy.

Russiýanyñ goranmak ministrligi düýn Ukrainanyñ Kiýew, Harkow, Çernigow, Sumi we Mariupol şäherlerinden parahat ilatyñ göçürülmegi üçin wagtlaýyn ot atyşygy güýje girizdi.

Parahat ilaty howpsuz sebitlere göçürmek, wagtal-wagtal ot atyşygyň bes edilmegi ylalaşygynyñ bozulmagyna we howa şertlerine garamazdan dowam etdi.

Düýn gije, Russiýanyñ goranmak ministrligi, şugün üçin güýje girizin wagtlaýyn ot atyşygyñ bes edilendigini yglan etdi.

Russiýa we Ukraina arasynda geçirilen gepleşikler

Iki ýurduñ wekiliýeti arasynda ilkinji tapgyr gepleşikler 28-nji fewralda Belarusyñ Ukraina serhedindäki Gomek sebitinde geçirildi we 5 sagat dowam etdi.

Çaknyşyklaryñ we ot atyşygyñ bes edilmegi maksady bilen geçirilen gepleşiklerde ot atyşygyñ bes edilmegini üpjün etmek üçin 2-nji tapgyr gepleşikleriñ geçirilmegi kabul edildi.

2-nji tapgyr gepleşikler 3-nji Martda Belarusyñ Brest sebitinde geçirildi.  Gepleşiklerde taraplar çaknyşyklaryñ dowam edýän sebitlerden parahat ilatyñ göçürülmegi üçin umumy ynsanperwer koridoryñ döredilmegi boýunça  we bu sebitlerde wagtlaýyn ot atyşygyñ bes edilmegi boýunça ylalaşyk gazandy.

Habarlar