ukrainada-so-ky-24-sagatda-bas-beren-wakalar

Ukrainada soñky 24 sagatda baş beren wakalar

Russiýa, Ukraina bilen gepleşikleriñ şugün irden Belarusuñ Brest şäherinde geçiriljekdigini mälim etdi. Ýöne tutuş gije Ukrainanyñ tapawutly sebitlerinde hüjümler dowam etdi.

03 Mart 2022 12:05

Bir tarapdan gepleşikler dowam edýärkä beýleki tarapdan bolsa Ukrainanyñ paýtagty Kiýewiñ başda durmagynda ýurduñ köp şäherine hüjümler guralmaga dowam edýär.

Kiýewde agşam sagatlarynda otly duralgasynyñ golaýyna raketaly hüjüm guraldy. Şäheriñ ýyladyş liniýasynyñ nyşana alynandygy mälim edildi.

Kiýewde soñky birnäçe sagadyñ dowamynda guralan 4 uly patlamada adam ýitgisiniñ bolup bolmadygy heniz yglan edilmedi.

ABŞ-ly bir resminiñ beren beýanatyna görä, Kiýewiñ golaýynda uly Rus harby ulag kerweni ýangyç we azyk ýetmezçiligi sebäpli durdy.

Rus harby güýçleri port şäheri Hersowyñ gözegçiligini ele saldy. Bu ýagdaý, Ukraina başladylan hüjümlerden soñ Russiýanyñ ele salan ilkinji uly şäheri boldy.

Ukrainanyñ prezidenti Wladimir Zelenskiý gijäñ ýarsynda  raýatlaryñ ýurduñ goranmagynda görkezýän gaýduwsyzlygy we batyrgaýlygyny öwýän wideo çap etdi.

BMG, Russiýanyn Ukraina garşy başladan hüjümlerinden soñ bir milliondan aşa adamyñ Ukrainadan çykadygyny we günsaýyn bu sanyñ köpelýändigini mälim etdi.

Gaagadaky Halkara Jenaýat Kazyýeti, Ukrainada söweş jenaýatlary boýunça derňew işini başlatdy.

Russiýa ilkinji gezek Ukraina garşy guraýan hüjümlerinde agyr ýitgi berendigini, 498 esgeriñ yogalandygyny we 1597 esgeriñ bolsa ýaralanandygyny mälim etdi. Ukraina tarapy bolsa 9 müñ Rus esgeriñ öldürülendigini mälim etdi.

Halkara kredit derejenendiriş guramasy Moody, Russiýanyň kredit balyny "Baa3" -den "B3" -e aşaklatdy.

Ýewropada Ruslara garşy reaksiýa görkezilmäge başlandy. Köp sanly ýewropa şäherinde hyzmat pudagynda “ Orslara hyzmat berilenok” ýazgysy ýazylmaga başlady.

Habarlar