ukrainada-umumy-mobilizasi-a-yglan-edildi

Ukrainada umumy mobilizasiýa yglan edildi

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Russiýanyň ýurduna guraýan hüjümleriniň birinji gününde 137 adamyň ýogalandygyny, 116 adamyñ bolsa ýaralanandygyny mälim etdi. Prezident Zelenskiý ýurtda umumy mobilizasiýa yglan etdi.

25 Şubat 2022 10:04

Ukrainanyñ prezidenti Wladimir Zelenskiý ýurtda umumy mobilizasiýa yglan edýän karara gol çekdi.

90 günläp dowam eder

Kararyñ güýje girmegi bilen  ýurtda mobilizasiýa 90 günläp dowam eder.

Ukrainanyň ýaragly Güýçleriniň Baş ştaby, mobilizasiýanyň çäginde näçe adamyň goşuna çagyryljakdygyny kesgitlär.

“Ukraina ýalñyz”

Prezident Zelenskiý: “Ukraina ýalñyz, ýewropa diñe berjek goldawlaryny beýan edýär”-diýdi.

Russiýanyñ  prezidenti Wladimir Putiniñ kanagatlandyryjy jogaby almasa harby operasiýada hasam öñe gidip biljekdigini nygtan Prezident Zelenskiý Russiýa garşy güýçli ykdysady sanksiýalaryň, tebigy gaz we nebit embargosynyň gysga wagtda durmuşa geçirilmelidigini aýtdy.

Wladimir Zelenskiý  şeyle-de Donbasdaky parahatçylygy goraýyş operasiýasynyň goldanmalydygyny nygtap häzirki wagtda halkara howpsuzlyk kepilliklerine mätäç bolandyklaryna ünsi çekdi.

Ukrainanyň prezidentiniň edarasynyň başlygynyň orunbasary Mihail Podolýak Çernobyl atom elektrik stansiýasynyň gözegçiligini ýitirendiklerini mälim etdi.

Russiýanyň hüjüminden soň  atom elektrik stansiýasynyň howpsuzdygyny aytmagyñ mümkin bolmadygyny bellän Podolýak bu ýagdaýyñ ýewropa üçin iň uly howplardan biridigini aýtdy.

Habarlar