ukrainany-dasary-isler-ministri-kuleba-ot-atysygy-bes-edilmegi-bo-unca-ylalas

Ukrainanyñ daşary işler ministri Kuleba: Ot atyşygyñ bes edilmegi boýunça ylalaşyk gazanmadyk

Ukrainanyñ daşary işler ministri Dmitro Kuleba, Antalýada geçirilen Ukraina-Russiýa-Türkiýe üçtaraplaýyn daşary işler ministrleriniñ maslahatyndan soñ metbugata beren beýanatynda “Russiýa bilen ot atyşygyñ bes edilmegi boýunça ylalaşyk gazanmadyk”- diýdi.

10 Mart 2022 14:28

Ukrainanyñ daşary işler ministri geçirilen üçtaraplaýyn  maslahatdan soñ metbugata beren beýanatynda, duşuşykda Russiýa-Ukraina arasynda ot atyşygyñ bes edilmegini üpjün etmek we krizise çözgüt tapmak üçin elinden gelenini gaýgyrmadygyny belläp, “ Bu duşuşyga ynsany bir maksat bilen geldim”- diýdim.

Ot atyşygyñ bes edilmegi teklibi

Ministr Kuleba, “Duşuşykda 24 sagatlyk ot atyşygyñ bes edilmegini teklip etdik. Ýöne bir netije gazanyp bilmedik. Bu formatda täze gepleşikler geçirip bileris. Rus tarapy gepleşik geçirmäge taýar bolanynda menem taýar bolaryn. Topraklarymyzyñ Russiýanyñ basyp alyşlygyndan azat edilmegi üçin tagallalaryma dowam ederin. Bu duşuşuga karar alma ygtyýaryna eýe bolan biri hökmünde krizise çözgüt tapmak üçin geldim.ýöne Lawrow diñe diñlemek maksady bilen geldi”-diýdi.

Türkiýäniñ edýän töwellaçylygy

Türkiýäniñ daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyñ eden tagallasy saýasynda üçtaraplaýyn maslahat geçirildi.

Ministr Kuleba, “ Meniñ wezipäm ynsanperwer koridory döretmek. Biz häzirki wagtda urşy durduryp bilemzok sebäbi Ukraina urşy başlatmady. Biz özümizi goraýarys”-diýdi.

Ynsanperwer koridorlar

Ministr Kuleba, “ şugün etmek isleýän iñ soñky zadym umydy ýok etmek. Russiýanyñ howadan guraýan hüjümleriniñ astynda galan, Rus goşunynyñ ýurdumyzda öldüren köp sanda adam bar. Ministr Lawrowa bu maglumatlary ýetirdim. Sergeý Lawrow ynsanperwer koridoryñ döredilmegi babatynda maña söz bermedi, diñe degişli guramalar bilen bu meseläni ara aljakdygyny aýtdy.

Çernobil Atom stansiýasy

Daşary işler ministr Dmitro Kuleba, “Rus goşuny  ýurdumyza girmezden ozal Çernobil atom stansiýasy işleýärdi. Hiçbir näsazlyk ýokdy. Rus goşunynyñ edip biljek iñ sagdynpikirli hereketi ýurtdan çekilmegi we atom stansiýasyndan daşlaşmagydyr.”-diýdi.

Habarlar