ukrainany-infrastruktura-ministri-wladislaw-krikli-ukraina-turki-e-gatnasykla

Ukrainanyň Infrastruktura ministri Wladislaw Krikliý Ukraina-Türkiýe gatnaşyklary barasynda interwýu berdi

Ukrainanyň infrastruktura ministri Wladislaw Krikliý beren beýanatynda Ukraina has köp türk firmalarynyň gelmegine garaşýandyklaryny nygtap Azak we beýleki sebitlerdäki taslamalara Türk firmalarynyň has işjeň gatnaşmagy bilen diňe ýol gurluşygynda däl, eýsem beýleki pudaklarda hem Ukraina-Türkiýe hyzmatdaşlygynyň ösendigini görip bileris diýdi.

22 Şubat 2021 13:45

Ukraina bilen Türkiýäniň arasynda özara peýdaly we konstruktiw gatnaşyklaryň bolandygyny nygtan Ukrainanyň infrastruktura ministri Wladislaw Krikliý iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hasam ösmegini tama edýändklerini aýtdy.

Ministr Wladislaw Krikliý Ukraina-Türkiýe  gatnaşyklary barasynda beren beýanatynda;  Ukraina has köp türk firmalarynyň gelmegine garaşýandyklaryny nygtap Azak we beýleki sebitlerdäki taslamalara Türk firmalarynyň has işjeň gatnaşmagy bilen diňe ýol gurluşygynda däl, eýsem beýleki pudaklarda hem Ukraina-Türkiýe  hyzmatdaşlygynyň ösendigini görip bileris diýdi.

Krikliý, Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiniň infrastruktura taslamalaryna uly ähmiýet  berýändigini we bu ýagdaýyň özlerini höweslendirýändigini aýtdy.

Ýol gurluşygy bilen bir hatarda Türk firmalarynyň port we howa menzilinde ýeňillik şertnamalaryna ýüz tutýandyklaryny bellän Krikliý: "ýakynda iki sany gyzykly taslamany amala aşyrarys. Birinjisi demir ýol menzili üçin ýeňillik şertnamasy taslamasy, ikinjisi  bolsa Bütindünýä banky we Döwlet-hususy pudak hyzmatdaşlygynda ýol gurluşygy taslamasy" -diýdi.

Krikliý, Ukrainanyň maýadarlar üçin hoşniýetli ýurtdygyny belledi. 2014-nji ýyldan bäri Russiýa bilen gatnaşyklaryň togtaýandygy sebäpli täze söwda koridorlaryny gözleýändiklerini mälim eden Krikliý, Polşanyň Gdansk portundan Odessa portuna çenli uzanýan ýoluň gündogar tarapdan täze ýüpek ýoluna çenli uzadylyp bilinjekdigine ünsi çekdi.

Habarlar