ukrainany-pa-tagty-ki-ewde-tutus-gije-caknysyklar-bas-berdi

Ukrainanyñ paýtagty Kiýewde tutuş gije çaknyşyklar baş berdi

Russiýanyñ esgerleri Kiýewiñ köçelerinde Ukrainanyñ harby güýçleri bilen çaknyşdy.

26 Şubat 2022 10:50

Ukrainanyñ prezidenti Wladimir Zelenskiý Kiýewiñ ýitirilmeli däldigi barasynda beren beýanatyndan soñ şäherde ýañadan dañdana çenli patlama sesleri eşidilip başlandy.

Rus esgerleri we Ukrainanyñ harby güýçleri arasyndaky çaknyşyklar raýatlar tarapyndan wideo ýazga alyndy we sosial mediada paýlaşyldy.

Kiýewiñ günbatar girelgesi bolan Zafer ýoly arkaly  rus harby güýçleriñ şähere girmäge synanyşýandygy bellendi.

Ukrainanyñ guryýer güýçleri tarapyndan berilen beýannamada ýerli sagat bilen 04:08-den başlap zafer ýolunyñ ugrundaky harby birliklere guralan hüjümiñ yza serpikdirilendigi we ýagdaýyñ gözegçilik astyna alynandygy habar berildi.

Kiýewiň şäher häkimi Witaliý Kliçko, Telegramdan beren habarnamasynda, şäherdäki 6-njy termiki desganyň golaýynda 3-5 minut aralygynda 5 partlamanyň bolandygyny aýtdy.

Kliçko “Kiýewi goramaga çalyşýarys. Şäheriň halkyna, howpsyzlyk güýçleri bilen birlikde paýtagty we ýurdy goramaga çalyşýandyklary üçin sagbolsun adýaryn” diýdi.

Wasilkiý şäherine köp sanda rus esgeri paraşutlar bılen girdi

Wasilkiý şäher häkimi Natalýa Balasinowiç telewideniýe kanalyna beren beýanatynda köp sada rus esgeriñ sebite paraşutlar bilen girendigini aýtdy. Şäherde çaknyşyklaryñ baş berendigini we rus esgerleriñ roketalar bilen hüjüm gurandygyny aýdan Balasinowiç Ukrainanyñ ýaragly güýçleriniñ düzüminde ýogalanlaryñ bolandygyny habar berdi.

Ukrainanyñ baş ştaby tarapyndan berilen beýannamada Ukrainanyñ howa goranyş ulgamynyñ, Kiýewiñ şäher merkezine 35 kilometr uzaklykda orun alýan Wasilkiý sebitinde Rus paraşutly esgerleri daşaýan Il-76 kysymly uçary uryp ýere gaçyrandygyny mälim edildi.

Habarlar