ukrainany-prezidenti-zelenski-russi-a-garsy-sanksi-alary-kopeldilmegi-ucin-cag

Ukrainanyň prezidenti Zelenskiý Russiýa garşy sanksiýalary köpeldilmegi üçin çagyryş berdi

Ukrainanyñ prezidenti Wladimir Zelenskiý, Russiýa garşy sanksiýalaryñ köpeldilmegini isledi.

25 Şubat 2022 14:22

Ukrainanyñ prezidenti Wladimir Zelenskiý özüniñ twitter hasabyndan beren beýanatynda Finlandiýanyñ prezidenti Sauli Niinisto bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendiklerini we kärdeşine ýurtda baş berýän soñky wakalar barasynda giñişleýin maglumat beredigini habar berdi.

Prezident Zelenskiý Finlandiýa  beren 50 million dolar  möçberinde pul goldawy üçin minnetdarlygyny bildirdi we bu kömegiñ  urşa garşy koalisiýa täsirli goşant goşandygyny belläp geçdi.

ÝB Komisiýasynyñ başlygy Ursula won der Laýen bilen hem telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini habar beren prezident Zelenskiý: “ Özlerine ähli sanksiýalara heniz ýüz tutulmadygyny we Russiýa garşy basyşy köpeltmelidigini aýtdym”-diýdi.

Zelenskiý, ÝB komisiýasynyñ başlygyna  kabul edilen Ukraina goşmaça maliýe kömegi karary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Habarlar