ulug-beg-bilim-taryhynda-yz-galdyran-be-ik-alym-we-hokumdar

Ulug Beg, bilim taryhynda yz galdyran beýik alym we hökümdar

Hakyky ady Muhammed Taragaý bolan Ulug beg, 1394-nji ýylyñ 22-nji martynda Sultaniýe şäherinde dünýä indi.

04 Mart 2022 21:44

Ulug Beg, Timurid Imperiýasynyň 4-nji soltany we türk matematigi we astronomy.

Ulug beg, Timurid Imperiýasynyñ esaslandyryjysy Teýmir hanyñ ogly Şahrugyñ uly ogly bolup  1394-nji ýylda Sultaniýe şäherinde dünýä indi.

Mugallymy Gyýaseddin Jemşidiň aýdyşyna görä; Ulug beg, astronomiýa we matematika ugrunda ökde, Gurhany ýatdan bilýän, fykh we edebiýat sungatynda söz eýesi, gaty gowy awçy we sazanda bolupdyr.

XV asryñ iň beýik alymlaryndan biri bolup kabul edilýän hökümdar Ulug Beg, 11 ýaşynda ilkinji gezek matematika we astronomiýa ylmy bilen tanyşdy. Ol, ilkinji astronomiýa sapagyndan soñ asman we ýyldyzlara  çuňňur söýgi bilen baglandy.

Garry enesi Saraý Mülk Hanym kiçilikden akyl-paýhasy bilen ünsi özüne çekýän agtygy Muhammet Taragaýa "Ulug Beg"  adyny dakdy.

Ulug beg, atasy Teýmir han bilen Hindistan we ýakyn gündogary garyş garyş gezdi we oña ýaranlyk etdi.  Atasy agtygynyñ zehinini görip oña Mongoliýanyñ dolanyşygyny tabşyrdy.

1405-nji ýylda kakasy Şahruhyñ hökümdarlygyny yglan edeninden soñ 16 ýaşyndaky ogly Ulug begi Samarkant we Buharanyñ häkimi diýip yglan etdi.

Ulug Beg, Kadyzade Rumi, Gyýaseddin Jemşid we Ali Kuşçu ýaly beýik alymlardan sapaklar aldy. Samarkand şäherinde obserwatoriýa gurdy.

Ulug Beý söweşde we syýasatda gazanan üstünlikleri bilen däl-de, bilim we medeniýet ugurlarynda eden işleri bilen bütindünýäde tanaldy.

Matematikanyň esasy böleklerinden biri bolan trigonometrik ýörelgeler, astronomiýa boýunça gözlegleriň esasyny düzýär. Şol sebäpli Ulug Beg trigonometriýa boýunça giňişleýin gözlegler geçirdi.

Bilim dünýäsinde XV asyryň astronomy hasaplanýan Ulug Beg, atasy Teýmir we kakasy Şahruh Mirza ýaly sungat eserlerine we sungat işgärlerine  uly hormat goýdy.

8 ýyllap Samarkandyñ häkimi bolan Ulug beg, 1447-nji ýylda hökümdarlygyny yglan etdi.

1447-nji ýylda dünýeden öten Ulug Beg, Gur-i Emir Kümmetinde atasy Teýmir hanyñ ýanyna jaýlandy.

Habarlar