uly-camlyja-metjidine-uc-yly-dowamynda-25-million-adam-geldi

Uly Çamlyja metjidine üç ýylyñ dowamynda 25 million adam geldi

Uly bir ybadathana bolmak bilen bir hatarda düzüminde bir sungat galereýasy, kitaphanasy, maslahat zaly, sungat ussahanasy we täze açylan Yslam Siwilizasiýalary Muzeýi bilen Türkiýäniñ iñ döwrebap toplumy bolma aýratynlygyna eýe bolan Uly Çamlyja metjidi, 2019-njy ýylyñ 3-nji maýynda açylan gününden bäri 25 million adama gapylaryny açdy.

06 Mayıs 2022 21:32

Pikir taslamasy Prezident Rejep Taýyp Erdogana degişli bolan we 268 metr beýikligi bolan Çamlyja depesiniñ üstünde 2013-nji ýylyñ 7-nji awgustynda düýbi tutulan Uly Çamlyja metjidi, Osman-Seljuk binagärlik usulyny döwrebap stiller bilen utgaşdyryp şäheriñ nyşanalarynyñ hatarynda orun alýar.

Stambul şäheriñ esasy nyşanalaryndan biri bolan we binagärligi bilen ünsi özüne çekýän Uly Çamlyja metjidiniñ açylyşynyñ üstünden üç ýyl geçdi.

Üç balkonly metjidiň 4 minarasynyň beýikligi Malazgirt ýeñişine bagyşlanyp 107,1 metr, iki balkonly 2 minaranyň beýikligi bolsa 90 metrdir.

Metjidiñ 72 metr beýikligindäki esasy gümmezi Türkiýede ýaşaýan 72 milleti, 34 metr ini bolan gümmezi bolsa Stambuly alamatlandyrýar. Metjidiñ esasy gümmeziniñ üstünde 3 metr 12 santimetr giñişliginde, 7  metr 77 santimetr beýikliginde we 4,5 tonna agyrlygynda älemi orun alýar.

Nanotehnologiýa bilen reňklenen we 3 bölekden ybarat bolan bu älem, dünýäniň iň uly älemi bolmagy bilen tapawutlanýar.

Uly Çamlyja metjidi, 5 metr ini, 6,5 metr beýikligi we 6 tonna agyrlygyndaky esasy gapysy bilen dünýäniñ iñ uly ybadathana gapylaryndan birine eýe.

Uly Çamlyja metjidi toplumynyñ düzüminde; 3 müñ 500 inedördül metrlik sungat galereýasy, 3 müň inedördül metrlik kitaphana, 1071 adamlyk maslahat zaly, 8 sany sungat  zaly, 3 müň 500 ulagly awtoulag duralgasy orun alýar.

Metjid eýe bolan ses, ýyladyş, howa çalşygy we howpsuzlyk ulgamlary bilen hem tapawutlanýar.

Kitaphanada 50 müñ tomlyk kitap bar.

Yslam Siwilizasiýalary Muzeýiñ iñ gymmatly eseri ilkinji Osman teññesi.

Habarlar