unesko-ny-doredijilik-s-herleri-toruna-gosulan-bursa-s-heri-upek-we-kafeller

ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleri toruna goşulan Bursa şäheriñ ýüpek we kafelleri bütindünýä tanadylar

2014-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras sanawyna girizilen Türkiýniñ Bursa şäheriniñ Hanlar sebiti, Soltan toplumy we Jumalykyzyk sebiti bilen ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleri toruna goşulandan soñ Bursanyñ ýüpek we kafelleri bütindünýäde tanadylar.

10 Ocak 2022 11:00

Şäher häkimliginiň başlangyçlary bilen başlanan taslamanyň çäginde Bursa şäheri, ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilen 295 şäheriň arasynda orun alýar.

Türki dilli döwletleriñ halkara medeniýet guramasy TURKSOÝ tarapyndan “ 2022 Türk Dünýäsiniñ Medeniýet paýtagty” diýip yglan edilen şäherde Bursa şäher häkimligi Sungat we Hünär okuwlaryndaky ussalar öndürýän kafel we ýüpek sungatlaryny gurnaljak köp sanly çärelerde tanyşdyrma mümkünçiligine eýe bolarlar.

Bursa şäheri çuňňur taryhy, baý medeniýeti, owadan tebigaty we köp ugurly syýahatçylygy bilen tapawutlanýar.

Bursa şäher häkimligi Umurbeg ýüpek önümçiligi merkeziñ koordinatory Mehmet Ünal, ýüpek önümçiliginiñ gadymy döwrülerden bäri Bursa şäheriñ nyşanalaryndan biri bolandygyny nygtap Bursanyñ beýik ýüpek ýolunyñ Aziýadaky soñky duralgasy bolandygyny aýtdy

Mehmet Ünal: “ bu ýeri 1810-njy ýylda gurlan Osman Imperiýasynyñ ilkinji zawodlaryndan biri. Bu ýerde ýüpek önümçiligi 300 ozal nädip edilen bolsa henizem şol usul bilen öndürülýär. Ýöredilýän taslamanyñ çäginde 2 mekdebi dokma ussahanasyna öwürdik. 14 sany mekdebi bolsa ýüpek haly dokma ussahanasyna öwürdik. Ene-mamalarymyz iki ýylyñ dowamynda gyzlarymyza haly dokama sungatyny öwretdiler”-diýdi.

Habarlar