unus-emre-we-turkce-ba-raklary-b-slesigi

Ýunus Emre we Türkçe Baýraklary” Bäsleşigi

Türkiýede Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş halklar edarasy tarapyndan "Ýunus Emre we Türkçe Baýraklary” bäsleşigi gurnalýar.

03 Mart 2021 22:09

Türkiýede daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş halklar edarasy tarapyndan berilen beýannamada; bu bäsleşigiñ daşary ýurtlarda ýaşaýan raýatlaryň Türk dilindäki başarnyklaryny we aňlatma ukyplaryny ýokarlandyrmak we durmuşynyň ähli ugurlarynda netijeli ulanmalary üçin guralýan tapawutly taslamalaryň çäginde geçirilýändigi bellendi.

Beýannamada, her ýyl gurnalýan “ YTB Türkçe Baýraklary” bäsleşigiñ Prezident Rejep Taýyp Erdoganyñ  Türk dili we medeniýetiniñ beýik şahsyýeti bolan Ýunus Emräniñ wepatynyñ 700 ýyllygy mynasybetli  2021-nji ýyly “ Ýunus Emre we Türkçe ýyly” diýip yglan etmegi mynasybetli şu ýyl “ Ýunus Emre we Türkçe Baýraklary” ady bilen gurnaljakdygy mälim edildi.

Beýannamada, bäsleşigiň hekaýa, poeziýa, düzme we kitap goldawy ýaly 4 tapawutly kategoriýada gurnaljakdygy we her kategoriýa üçin ýörite emin agzaly komitetiniň dörediljekdigi bellendi.

Baýraklar:

Gysga hekaýa, poeziýa we düzme kategoriýasynda;

1-nji orna mynasyp bolana 20 müň lira,

2-nji orna mynasyp bolana 15 müň lira,

3-nji orna mynasyp bolana 10 müň lira pul we  saýlanan bir esere 10 müñ lira “Ýunus Emre Baýragy” gowşurular.

Kitap goldaw kategoriýasynda bolsa ilkinji 5 eseriň eýelerine awtorlyk hukugy we çaphana goldawy hökmünde 20 müň lira  pul baýragy gowşurular,

Bäsleşigiñ ähli kategoriýasynda ilkinji 10-a girenlere YTB Türk Edebiýaty Kitap Toplumy we YTB ​​Awtorlyk akademiýasy programma mugut gatnaşma mümkinçiligi beriler.

-Arzalar 30-njy iýuna çenli kabul ediler. Soñky gün 2021-nji ýylyñ 30-njy iýun

Bäsleşige gatnaşmak isleýänler eserlerini talap edilýän resminamalar bilen   turkceodulleri@ytb.gov.tr elektron poçta salgysyna ugratmaly.

Habarlar