urkmenistan-hyta-a-tebigy-gaz-eksportyny-gi-eld-r

ürkmenistan, Hytaýa tebigy gaz eksportyny giňeldýär

2021-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň “Malaý” gaz känindäki täze gaz gysyjy desganyň açylyş dabarasy boldy.

30 Ocak 2021 11:49

2021-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň “Malaý” gaz känindäki täze gaz gysyjy desganyň açylyş dabarasy boldy. Dabara Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem “CNPC International Turkmenistan” kompaniýasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Täze desganyň ulanyşa girizilmegi mynasybetli bu ýerde maslahat geçirilip, onda Türkmenistanyň Prezidenti çykyş etdi. Gurbanguly Bedimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň syýasaty ýurduň uly baýlygy bolan uglewodorod serişdelerini dünýäde parahatçylygy berkitmegiň, abadan ýaşaýşyň we gülläp ösüşiň bähbidine ulanmakdyr. Maslahatyň barşynda şeýle hem  “CNPC International Turkmenistan” kompaniýasynyň baş direktory Li Şulýan çykyş etdi. Onuň belleýşi ýaly, gazgysyjy desganyň ulanyşa girizilmegi Türkmenistanyň halkara bazarlaryna tebigy gaz eksport mümkinçiliklerini has hem giňelder. Ýylda üstünden 30 milliard kub metre çenli tebigy gazy geçirmäge ukyply bolan desgada ygtybarly enjamlar hem-de öňdebaryjy tehnologik çözgütler ornaşdyryldy.

Häzirki wagtda HHR türkmen tebigy gazyny iň iri import ediji bolup durýar. Türkmenistan – Özbegistan – Gazagystan – Hytaý halkara turbageçirijisine milliardlarça kub metr energetiki çig maly akdyrylýar. Bu taslama “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan daşary ýurtly hyzmatdaşlar --“Petro Gas LLP” (Beýik Britaniýa) bilen bilelikde amala aşyryldy. Gaz gysyjy enjamlar dünýäde meşhur “Dresser-Rand S.A.” kompaniýasy (Fransiýa) tarapyndan getirildi. Döwrebap desganyň işe girizilmegi bilen 60-a golaý täze iş orny dörär.

Umumy meýdany 12 gektara golaý bolan täze beketde gaz gysyjy enjamlar toplumyndan başga-da, sowadyjy we arassalaýjy desgalar, ýokary hem-de pes basyşly fakel hojalygy, azot we kislorod öndürýän stansiýa, ätiýaçdaky dizel elektrik stansiýasy ýerleşýär. Şonuň ýaly-da, bu ýerde merkezi dolandyryş operator hem-de mehaniki bejeriş we ýangyn howpsuzlyk binalary, edara binasy, ýangyna garşy suw howuzlary göz öňünde tutuldy. Bu ýerde guýularyň önüm berijiligini artdyrmakda, käniň tebigy gaz goruny has doly peýdalanmakda işe girizilýän täze desganyň ähmiýeti örän uludyr. Täze gurlan desganyň «A» we «B» önümçilik sehleri bolup, «A» sehiniň wezipesi «Malaý» gaz känini doly özleşdirmekden ybaratdyr. «B» sehi bolsa, «Galkynyş» we «Döwletabat» känleriniň gazyny «Malaý – Bagtyýarlyk» gaz geçirijisine ýokary basyş bilen akdyrmaga niýetlenendir.Bu täze desgada dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary tarapyndan öndürilen 6 sany kuwwatly gaz gysyjy enjamlar toplumy oturdyldy. Şol enjamlar kämil awtomatlaryň we kompýuterleriň üsti bilen dolandyrylýar.

Garagum sährasynyň Lebap welaýatyna degişli çäginde ýerleşýän «Malaý» ýatagyndan 1986-njy ýyldan bäri tebigy gaz çykarylyp gelinýär. Bu günki gün bu ýerde 91 sany guýy hereket edýär. Bu toplum ýurdumyzyň diňe bir gündogar welaýatynyň ilatly ýerlerini, şeýle hem dürli maksatly desgalary «mawy ýangyç» bilen üpjün etmän, eýsem, asyrymyzyň iri taslamasy bolan Türkmenistan–Özbegistan–Gazagystan–Hytaý transmilli gaz geçirijisine hem harytlyk önüm berýär.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň howanyň üýtgemegi hakyndaky Kioto teswirnamasyny we bug gazlarynyň howa zyňylmagynyň azaldylmagyny göz öňünde tutýan beýleki halkara ylalaşyklaryny tassyklady. Şundan ugur almak bilen, ähli ulgamlara hem-de pudaklara, şol sanda nebitgaz senagatyna döwrebap, ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Şu täze desganyň hem bu talaplara laýyk gelmegi türkmen – hytaý hyzmatdaşlygynyň ählumumy durnukly ösüş maksatlaryna laýyklykda işjeňleşýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Anahtar Kelimeler: Malaý” gaz käninde täze gaz gysyjy desgasy,

Habarlar