wagtsyz-mekan-kitaphanalar

Wagtsyz mekan: Kitaphanalar

Köp sanda taryhy mekanlara ýer eýeçiligi edýän Stambul şäheri kitaphanalary bilen hem uly ähmiýete eýedir. Taryha yşyk çaýýan seýrek golýazmalar we ýygyndylar bu kitaphanalarda saklanýar.

02 Nisan 2022 10:11

Kitaphanalarda köp sanda taryhy eserler saklanýar. Stambuldaky golýazma eserleriñ bolan kitaphanalar birbirinden gymmatly köp sanly eserler saklanýar. Bu kitaphanalaryñ biri Süleýmaniýe gol ýazma eserler kitaphanasydyr. Bu kitaphana Süleýmaniýe toplumynyñ 1-nji we 2-nji medreseleriniñ 1918-nji ýylda kitaphana öwrülmegi bilen döredildi. Köp sanda gymmatly golýazmalar kitaphanalaryñ üçegi astynda ýygnaldy.

Süleýmaniýe golýazma eserler kitaphanasy, ÝUNESKO-nyñ bütindünýä ýatlama sanawynda

Kitaphanada, aralarynda Fatih Soltan Mehmetiñ bolan 150-ä golaý şahsyýetiñ ýygyndysy bar. Kitaphana 100 müñe golaý golýazma eserlere ýer eýeçiligi edýär. Ibni Sinanyñ “Şypa” atly kitaby bolsa kitaphananyñ iñ naýbaşy eserlerinden.

Süleýmaniýe kitaphansy, golýazma eserler taýdan dünýäniñ iñ esasy kitaphanalaryndan biridir. Ibn-i Sinanyñ bilinýän ähli eserlerinden azyndan bir nusgasy bu kitaphanada saklanýar. Bu aýratynlygy bilen ÝUNESKO-nyñ Bütindünýä ýatlama sanawynda orun alýar.

12 müñ golýazma we 30 müñ çap edilen esere ýer eýeçiligi edýär

Seýrek golýazmalaryñ saklanýan ýerlerden biri hem Beýazyt Golýazma Eserler Kitaphanasydyr. Bu kitaphana Beýazyt döwlet kitaphanasy bilen Kitapçylar bazaryñ arasynfa orun alýar.

Bu ýerde taryhy ýüzlerçe ýyla uzanýan 12 müňe golaý golýazma saklanýar. Şeýle hem kitaphanada 30 müňden gowrak çap edilen eser bar, bularyň hemmesi sanly görnüşe geçirildi.

Naýbaşy eserler çyra ammarlarynda saklanýar.

Millet golýazma kitaphanasy

Millet golýazmalar kitaphanasy, Fatihdäki bilim adamlary üçin gapylaryny açýar. Okama zaly we muzeýden ybarat bolan kitaphanada 7000-den gowrak golýazma eser bar.

“Diwanü Lugati't-Türk” eseriň ýeke-täk golýazmasy hem bu ýerde saklanýar.

Habarlar