wulkanlar-turki-ni-16-goterimini-tut-ar

Wulkanlar Türkiýäniň 16 göterimini tutýar

Türkiýede on sany işjeň wulkan bar. Olar Türkiýäniň umumy territoriýasynyñ 16 göterimini tutýar.

18 Şubat 2022 14:20

Soňky ýyllaryñ iň uly wulkan patlamasy  ýuwaş ummanyň Hunga Tonga wulkanynda baş berdi. Partlama şeýle bir güýçli boldy welin, ýuwaş ummanyň kenaryndaky ýurtlara tsunami duýduryşlary berildi. Şular ýaly wulkan patlamasy dünýäde her ýyl bolup geçýär.

Türkıýede 10 sany ışjeñ wulkan bar

Lawalaryny dökmeseler-de, Türkiýede köp sanda wulkan bar. Konýa Tehniki Uniwersiteti Geologiýa inženerçilik Bölümi mugallymy Prof. Dr. Kürşad Asan, Türkiýäniñ tektoniki guşak bolan Alp-Gimalaý orogen guşagynyň bir bölegi bolandygyny nygtan Prof. Dr. Asan: “Ýurdumyzda dürli görnüşde we ýaşda geologiki taýdan wulkanlar bar. Sebit taýdan Türkiýäniň takmynan 16 göterimini tutýar "-diýdi.

Soñky 10 müñ ýyla ser salanymyzda, geologiýa taýdan Türkiýedäki wulkanlar şular:

Ajyköl ( newşehir), Ararat dagy ( Ygdyr-Agry), Erjiýes dagy ( Kaýseri), Göllüdag ( Nigde), Hasan dagy ( Aksaraý), Karajadag ( Şanlyurfa-Diýarbakyr), Karapynar ( Konýa), Kula ( Manisa), Nemrut dagy ( Bitlis) we Tendürek dagy ( Agry)

Soñky ýyllarda esasanam Erjiýes we hasan dagda hereketlilik baş berýändigi barasynda habarlar çap edilýr.  Bu barada Prof. Dr. Asan: “ Wulkan hereketleri belli bir derejede çak edilip bilinjek geologiki hadysalardyr. Bu çaklama, ösen tehnologiýa, gözleg-barlag institutlary bolan wulkan obserwatoriýalarynyň üsti bilen amala aşyrylýar. Işjeň wulkanlar wulkan obserwatoriýalarynda geologiki we geofiziki usullar bilen gözegçilik edilýär. Şeýlelik bilen, seýsmiki işjeňlik (seýsmika), ýeriň deformasiýasy, ýylylygyñ üýtgemegi we wulkan tarapyndan çykýan gazlaryň düzümi ýaly maglumatlar yzygiderli ýazylýar. Bu maglumatlardan alnan signallar wulkanyň indiki işjeňliginiň haçan boljakdygyny çaklamak üçin ulanylýar.”-diýdi.

Türkiýede wulkanlaryñ ýagdaýy barasynda bolsa Kürşad Asan: “ Türkiýedäki wulkanlar işjeň görnüşli we gelejekde gaýtadan işjeňleşmeginiň geologiki taýdan ähtimaldygyny ýatdan çykarmaly däldir. Şeýle-de bolsa, bu wulkanlaryň ýakyn wagtda weýrançylykly täsir edip biljek patlama döredip biljekdigini çaklamak bilen, wulkanyň töwereginde ýaşaýan adamlary gorkuzmak dogry bolmaz. Şol sebäpli hünärmenler tarapyndan ýurdumyzdaky işjeň wulkanlara gözegçilik etmek we bolup biläýjek töwekgelçiliklere baha bermek ýerlikli bolar. "-diýdi.

Wulkandan gelip çykan ýer titremeleriň esasan tektoniki ýer titremelerine garanyňda dürli seýsmiki signallary döredýändigini aýdýan Prof. Dr. Asan: “Wulkan ýer titremeleri tektoniki ýer titremeler bilen deňeşdirilende 9 kilometre çenli pesdir. Wulkan ýer titremeleri bilen tektoniki ýer titremeleriň arasyndaky başga bir tapawut bolsa wulkan ýer titremeleriniň tektoniki ýer titremelerinde ýüze çykýan titremeleriñ birbirine meňzemeýän ululykdaky titremeler toparyndan ybarat bolmagydyr.”-diýdi.

Prof.Dr Asan: “ “Käbir wulkan öňünden duýduryş bermezden partlap biler. Şol sebäpli ýokarda agzalan wulkanlara garşy hemişe hüşgär bolmalydyrys "-diýdi.

Habarlar