xviii-asry-turkmen-sahyry-dowletm-mmet-azady

XVIII asryñ türkmen şahyry: Döwletmämmet Azady

Döwletmämmet Azady, XVIII asyrda ýaşan türkmen şahyrlarynyň arasynda iň görnüklileriniň biridir. Ol öz eserleri bilen türkmen edebi mirasyna saldamly goşant goşan görnükli alym, ussat şahyr hökmünde tanalýar.

24 Haziran 2022 23:18

Döwletmämmet — Azady takmynan 1700-nji ýylda Etrek derýasynyň boýunda, dürli hünärlerden habarly Magtymguly Ýonaçynyň maşgalasynda eneden bolýar. Azady mekdep-medresede alan ylmy bilen çäklenmeýär. Ol onuň daşyndan hem köp ylymlary öwrenipdir. Şahyr arap, pars hem-de köne çagataý dillerini oňat özleşdirip, şol dillerde ýazylan Gündogaryň taryhyny, filosofiýasyny, edebiýatyny gowy bilipdir. Ol şygyr düzüliş kadalaryndan, ritorikadan, logikadan, medisinadan we beýleki ylymlardan-da ýakyndan habarly bolupdyr. Azadynyň medisina degişli konspekti hem-de şahyryň şahsy kitaphanasyndan biziň günlerimize çenli saklanyp galan bir golýazmanyň (bu golýazma häzir TSSR YA-nyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň golýazmalar fondunda saklanýar. 546 nomerli bukja) ýazgylary onuň köp ylymlar bilen içgin gyzyklanandygyny, gözyetiminiň, dünýägaraýşynyň diýseň giň bolandygyny görkezýär.

Döwletmämmet Azadynyň esasy käri oglan okatmak bolup, ol maldarçylyk, ekerançylyk bilen-de meşgullanypdyr. Şahyr adamkärçiligi, parasatlylygy, zähmetsöýerligi bilen halk arasynda giňden tanalypdyr. Ol külli türkmeniň ýaşulusy, ýakyn maslahatçysy hökmünde hormatlanypdyr.

Azady hemişe halkyň jümmüşinde ýaşap, olar bilen bir howadan dem alypdyr, hemişe olaryň hyzmatynda bolupdyr. Şonuň üçin halk şahyry tüýs ýürekden söýüpdir, ony ýakyndan goldapdyr.

Döwletmämmet — Azady şol döwür türkmen durmuşynda dowam eden jemgyýetçilik-syýasy, taryhy wakalardan çetde durmandyr. Ýurduň tozgunçylygyny, halk köpçüliginiň agyr horluklary başdan geçirýändiklerini gören şahyr zulum-süteme garşy göreş alyp barypdyr. Ol Hanaly han ýaly zalym hökümdarlaryň, gahar-gazabyndan, gara güýçlerinden gorkmazdan, olaryň wagşyçylykly hereketlerini paş edipdir.

Azady uly döwlet ähmiýetli işler bilen birlikde geljekki şahyr Magtymgulyny terbiýeläp ýetişdirmäge, oňa düýpli ylym-bilim bermäge-de köp wagt, uly zähmet sarp edýär.
Döwletmämmet Azady altmyş ýaşap, 1760-njy ýylyň 22-nji martynda aradan çykýar. 

DÖREDIJILIGI

Döwletmämmet — Azadynyň edebi mirasynyň aslynda nä derejede bolandygyny anyk takyklamak kyn. Doly görnüşde bolmasa-da şahyryň döreden eserleriniň birnäçesi biziň günlerimize ýazuw üsti bilen gelip ýetipdir. Azady ençeme gazallaryň, rubagylaryň hem-de «Hekaýaty-Jabyr Ensar», «Behiştnama», «Wagzy-Azat» poemalarynyň awtorydyr.

Beýleki XVIII—XIX asyr türkmen klassyklarynyň köpüsinden tapawutlylykda, Azady Gündogar edebiýatynyň däbini giňden dowam etdirip, öz eserlerini köne çagataý dilinde ýazypdyr. Onuň döredijiliginde Abulkasym Ferdöwsiniň (940—1020), Nyzamy Genjewiniň (1141 —1203), Sagdy Şirazynyň (1208—1292), Abdyrahman Jamynyň (1414—1492), Alyşir Nowaýynyň (1441 — 1501) täsiri has-da aýdyň duýulýar.

Azadynyň gazallary, rubagylary filosofik, ahlak-didaktiki, sosial-tankydy motiwli eserler bolup, olarda şahyryň jemgyýetçilik-syýasy, filosofik garaýyşlary, adamkärçiligiň gowy gylyk-häsýietleri baradaky öwüt-ündewleri beýan edilýär. Şahyr XVIII asyr türkmen durmuşynyň dürli nogsanlyklaryny aýtmak bilen, öz döwründen, onuň gurluşyndan şikaýat edýär.

Azadynyň şygyrlary özünden soňky ýaşap geçen şahyrlaryň, birnäçesiniň ünsüni özüne çekipdir.

Şahyryň, bize galdyran edebi mirasynyň, iň ähmiýetlisi onuň, «Wagzy — Azat» kitabydyr. Bu poema Azadynyň döredijiliginiň naýbaşy bolmak bilen, bütin türkmen klassyky edebiýatynyň, taryhy boýunça-da original eserleriň biridir.

Şahyryň türkmen klassyky edebiýatynyň, filosofik we jemgyýetçilik-syýasy pikiriniň ösüş taryhynda bitiren hyzmatlary diňe şular bilen çäklenmeýär. Ol birtopar türkmen şahyrlaryny-da terbiýeläp ýetişdirýär. Ogly Magtymgulynyň, ýegeni Gurbandurdy Zeliliniň, ussat şahyr bolup ýetişmeklerinde onuň ýakyndan alada edendigi aýdyň duýulýar.

Habarlar