ybadathana-owrulen-iki-metjid-krym-tatarlary-tagallasy-bilen-yzyna-alyndy

Ybadathana öwrülen iki metjid, Krym tatarlaryñ tagallasy bilen yzyna alyndy

Osman Imperiýasynyñ häkimýeti astynda bolan ýurtlardaky arhitekorlyk, taryhy binalar barasynda gözleg geçirýän, kitap ýazýan ýokary arhitektor Mehmet Emin Ýylmaz beren interwýusynda ybadathana öwrülen 2 metjidiñ Krym tatarlaryñ tagallasy bilen yzyna gaýtarylandygyny aýtdy.

27 Şubat 2021 22:15

Ýokary arhitektor Mehmet Emin Ýylmaz Osman Imperiýasynyñ häkimiýeti astynda bolan 19 sany ýurtdaky Türk mimarlyk eserlerini “ Ybadathana öwrülen Türk Eserleri” atly kitabynda jemledi. Ýylmaz kitabynda Azerbaýjan, Bosniýa- Gersogowina, Bolgariýa, Ermenistan, Günorta Kipr, Gruziýa, Horwatiýa, Çernogoriýa, Krym, Kosowa, Wengriýa, Makedoniýa, Moldowa, Rumyniýa, Serbiýa, Ukraina, Gresiýa we Türkiýedäki bir ybadathana öwrülen taryhy binalar barasynda maglumat orun alýar.

Ýylmaz, eden barlaglarynyñ netijesinde Krymda 7 sany Türk-Yslam metjidiñ ybadathana öwrülendigini aýtdy. Metjidler barasynda maglumat beren Ýylmaz,” Krymda ybadathana öwrülen metjidleriñ yzyna alynmagy üçin göreşen Krym tatarlaryñ tagallasy bilen 2 metjid yzyna alyndy. Yzyna alynmadyk metjitlerden biri ybadathana hökmünde ulanylmaga dowam edýär, ybadathana öwrülen galan metjitler bolsa wagtyñ geçmegi bilen ýykylyp haraba öwrüldi.”-diýdi.

Krymyñ Kefe şäherinde 1623-nji ýylda gurulan Müftü Metjidiniñ Krymyñ Russiýa tarapyndan basyp alynmagyndan soñ 1787-1931-nji ýyllar aralygynda Ermeni Katolik  Ybadathanasyna öwrüldi. Ybadathana hökmünde ulanylan metjid soñ bolsa mynaralary ýykylyp jañ diñi bolup ulanyldy. 1995-nji ýylda sürgünden watanlaryna gaýdyp gelen Krym Tatarlaryna yzyna gaýtarylyp ýañadandan metjid bolup ybadata açyldy.

Kefe şäherinde 1665-nji ýylda gurulan Seýýid Musa Ependi Türbedi hem, Müftü Metjidi bilen 1787-nji ýylda Ermeni Katolik Ybadathanasynyñ bir binasy hökmünde ulanyldy. Wagtyñ geçmegi bilen türbed ýakyldy we haraba öwrüldi.

Gözlewe şäherinde 18-nji asyrda gurulan Jemaleddin Ependi Metjidi, Sowýet Soýuzyñ hökümeti tarapyndan 1928-nji ýylda ybadata ýapyldy.şäherdäki wandalizm dowamynda mynarasy ýykylan metjid 1947-nji ýylda kreýine berildi

Ýylmaz, Sowýet Soýuzyñ dargamagyndan soñ watanlaryna gaýdyp gelýän Krym tatarlaryñ göreşi bilen köp sanda taryhy eserleriñ metjide öwrülýändigini aýtdy.

1703-nji ýylda gurulan Gala Metjidi ilki ybadathana öwrülendi soñ bolsa ýykylyp ýerine 1799-njy ýylda “Merýem Enäniñ Dirilmegi” atly ybadathana guruldy. II Jahan urşunda uly zarwa alan ybadathana zamanamyza gelip ýetmedi.

Sudandaky Gala Metjidi bolsa 3 gezek ybadathana öwrüldi. 13-nji asyrda Sary Saltuk bilen Kryma gelen Selçuk Türkleri tarapyndan gurulan iñ gadymy Türk- Yslam eserlerinden biridir.

16-17-nji asyrda Bahçesaraýa bagly Ýeni Sala obasyndaky Juma metjidi, 1928-nji ýylda Sowýet Soýuzy tarapyndan ambar hökmünde ulanyldy, Sowýet Soýuzyñ dargamagyndan soñ metjid Prawoslaw hristianlara berildi.

Habarlar