yhg-ny-xv-liderler-sammiti-oz-isine-baslady

YHG-nyñ XV lıderler sammıtı öz işine başlady

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherindäki “Garagum” myhmanhanasynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 15-nji sammiti öz işine başlady.

28 Kasım 2021 13:03

Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri YHG-niň agzasydyr. Ýokary derejedäki bu duşuşyk Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň 2021-nji ýylda YHG-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýär. Bu forum hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döwletara, sebit hem-de halkara düzümleriniň derejesinde netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýän Türkmenistanyň halkara abraýynyň barha artýandygynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda abraýly gurama bolan YHG-niň düzüminde bu guramanyň agza döwletleriniň arasynda dürli pudaklarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, YHG-niň dünýä derejesinde ornuny has-da pugtalandyrmak ugrunda çykyş edýär.

Türkmenistanyň Merkezi banky Sammitiň geçirilmegi mynasybetli gymmaty 100 manada deň bolan altyn we kümüş şaýy pullary çykardy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde bu sammite Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýranyň Prezidenti Sayed Ebrahim Raisi, Pakistanyň Prezidenti Arif Alwi, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogan, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gazagystanyň Premýer-ministri Askar Mamin hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Noziri gatnaşdy.

Sammitde gurama gatnaşyjy döwletleriň arasyndaky söwda,ykdysady, maýa goýum we transport we aragatnaşyk, energetika,  daşky gurşaw, oba hojalygy, senagat we syýahatçylyk ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.

Habarlar