ykdysady-hyzmatdaslyk-guramasyny-medeni-et-institutyny-baslygy-serwer-bahri

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Medeniýet Institutynyň başlygy Serwer Bahri: "Türkiýe bolmasa sebitiň medeni gurluşugy kem bolar”

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Medeniýet Institutynyň başlygy Serwer Bahri, Türkiýäniñ eýe bolan baý medeniýeti bilen sebitdäki ýurtlaryñ medeni hyzmatdaşlygyna uly goşant goşýandygyny nygtap “Türkiýe bolmasa sebitiñ medeni hyzmatdaşlygy kem galardy.”- diýdi.

06 Mart 2021 19:41

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Medeniýet Institutynyň başlygy Serwer Bahri beren interwýusynda sebitiñ gadymy we gymmatly mirasyny Türkiýede we Türki dilli ýurtlarda görip bolýandygyny nygtap: “Türkiýäniñ eýe bolan medeniýet we sungaty umumy mirasymyzyñ aýrylmaz bölegidir. Türkiýäniñ medeni çärelerde ýolbaşçylyk etmeginden hoşallyk duýýarys we geljekde bu medeni çäreleriñ hasam köpelmegini tama edýäris.”-diýdi.

Serwer Bahri, sebitiñ medeni gurluşugyny Türkiýesiz  taryplap bolmaz. Bu sebitde Türkiýe eýe bolan baý medeni mirasy bilen uly orna eýe. Türkiýäniñ Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Medeniýet Institutynda has işjeñ bolmagyny isleýäris.”- diýdi.

Serwer Bahri, “Türk, Pars, Täjik, Özbek we Eýran medeniýetini birbirinden aýryp bilmeris. Taryhda biri-birimizi doldurýardyk we biri-birimizden öwrenýärdik. Şeýdip, adamzada özboluşly mirasy hödürläp bildik. Köp adamlar biziň umumylygymyzy bilenoklar "-diýdi.

Ýunus Emre Institutyñ medeni gatnaşyklaryñ ösdürülmegine uly goşant goşýandygyny nygtan Serwer Bahri koronawirus epidemiýanyñ medeni çärelere uly zarwa urandygyny aýtdy.

Habarlar