ykdysady-hyzmatdaslyk-guramasyny-tebigy-betbagtcylyklary-towekgelciliklerini-a

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyñ tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmak boýunça 8-nji ministrler maslahaty

Türkiýäniñ içeri işler ministri Süleýman Soýlu: “ tebigy apatlara garşy çydamly jemgyýet döretmek ykdysady ösüşiñ esasy bölegidirç Dünýäniñ baýlyklary apatlaryñ döreden zeperlerini onarmak üçin däl, eýsem apatlaryñ öñüni almak we töwekgelçiligi azaltmak üçin ulanylmalydyr.Munuň üçin bolsa hyzmatdaşlygymyzy hasam güýçlendirmelidiris”-diýdi.

17 Mart 2021 18:15

Türkiýäniñ içeri işler ministri Süleýman Soýlu, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyñ tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmak boýunça 8-nji ministrler maslahatyna gatnaşdy.

Maslahata Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyñ baş sekretary Dr. Hadi Soleimanpour bilen Owganystan, Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan, Gyrgyzystan, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasy, Özbegistan, Pakistan, Täjigistan we Türkmenistandan degişli guramalaryñ ministirleri gatnaşdy.

İçeri işler ministri Süleýman Soýlu maslahatda eden çykyşynda: “ XXI asryñ 1-nji çäreginde terror we basyş, zulumlar bilen bir hatarda 200 ýyldan bäri ýatdan çykarylan koronawirus epidemiýanyñ garşysynda ösen döwletleriñ hem näme etjeklerini bilmedigi, agyz-burun örtügi  we sanjym meselesinde baş beren krizisleriñ “ globallaşma” sözüniñ ýañadandan taryplanmagynyñ zerurdygyny görkezýär. Göz bilen görip bolmaýan bir wirusyñ dünýäniñ pul üçin däl eýsem howpsuzlyk, abadançylyk we doganlyk üçin  hyzmatdaşlykda bolmalydygyny görkezdi” diýdi.

Ministr Soýlu eden çykyşynda ýer titremeleriñ, howanyň üýtgemeginiň ýa-da ýokanç keselleriniň serhed tanamaýandygyny belläp, tebigy betbagtçylyklaryň täsir meýdanyny giňeldýändigini bu sebäpli hem adam ýitgileri we ykdysady ýitgileriň köpelýändigini aýtdy.

Tebigy apatlaryñ bu geografiýada özünden ýitmejekdikdigini nygtan ministr Soýlu emma maslahata gatnaşýan ýurtlaryň hyzmatdaşlygy, biri-biri bilen paýlaşjak tejribesi we mümkinçilikleri we töwekgelçiligi azaltmak meýilnamalary bilen azaltmagyñ mümkindigini aýtdy.

Ministr Soýlu, 2016-njy ýylda Türkiýede Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak meýilnamasy çäginde 81 welaýat üçin ýörite töwekgekçilik meýilnamasy taýarlanandygyny we 7 welaýatyñ öz meýilnamalaryny tamamlandyklaryny galan welaýatlaryñ bolsa şu ýyl meýilnamalaryny tamamlamagy meýilleşdirýändigini aýtdy.

 Bilim we türgenleşiklere aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtan Soýlu, 2020-nji ýylda 65 welaýat derejede, 9 sebitleýin derejede we 3 sany duýdansyz türgenleşik geçirilendigini habar berip 2021-nji ýylda bolsa bir halkara, 10 sebitleýin we 66 sany welaýat derejesinde türgenleşik gurnamagy meýilleşdirýändiklerini aýtdy.

Ministr Soýlu, 2021-nji ýylyny tebigy apat okuw ýyly diýip belländiklerini we  51 million raýata tebigy apat boýunça okuw bermegi maksatlanýandygy aýtdy.

Ministr Soýlu, 2020-nji ýylda Elazyg we Malatýada bolan ýertitreme apatyndan soñ şol sebitlerde  gurulýan 26 müñ ýaşaýyş jaýlaryndan 8 müñiniñ bir ýylyñ dowamynda eýelerine gowşurulandygyny we şu ýylyñ ahyryna çenli ýaşaýyş jaýlarynyñ hemmesiniñ gurluşygy tamamlanyp eýelerine gowşuruljakdygyny habar berip Izmir şäherinde 5 müñ ýaşaýyş jaýy we iş ýerleriniñ gurluşugyna hem başlanandygyny aýtdy.

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, Siriýanyñ Idlib sebitinde baş beren adamzat dramyna hem ünsi çekip Türkiýäniñ şol sebitde döwlet we jemgyýetçilik guramalarynyñ utgaşyklygynda şugünki güne çenli 32 müñ 134 sany kerpiç öýler ýasalandygyny we 8229 sany kerpiç öýüñ bolsa gurluşygynyñ dowam edýändigi aýtdy. Ministr Soýlu, Idlib sebitinde 52772 kerpiçden öýleriñ gurluşugy meýilleşdirilýändigini aýtdy.

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu: “ tebigy apatlara garşy çydamly jemgyýet döretmek ykdysady ösüşiñ esasy bölegidirç Dünýäniñ baýlyklary apatlaryñ döreden zeperlerini onarmak üçin däl, eýsem apatlaryñ öñüni almak we töwekgelçiligi azaltmak üçin ulanylmalydyr.Munuň üçin bolsa hyzmatdaşlygymyzy hasam güýçlendirmelidiris”-diýdi.

Habarlar