yly-birinji-arymynda-258-mu-sy-ahatcy-turki-ni-kapadok-a-sebitini-gezm-ge

Ýylyň birinji ýarymynda 258 müň syýahatçy Türkiýäniñ Kapadokýa sebitini gezmäge geldi

Kapadokiýanyň seýrek gözelliklerini asmandan synlamaga mümkinçilik berýän şarly gezelençlere gatnaşan syýahatçylaryň sany şu ýylyň birinji ýarymynda geçen ýylyñ birmeñzeş döwri bilen deñeşdirilende takmynan 186 göterim ýokarlap 258 müň 914-e ýetdi,

08 Temmuz 2022 22:57

Newşehir gubernatorlygynyñ sosial media hasabyndan berilen beýannamada, 2022-nji ýylyñ ýanwar-iýun döwründe sebitde 12 müñ 558 şarly uçuş amala aşyrylandygy we bu gezelençlere 258 müñ 914 ýerli we daşary ýurtly syýahatçyñ gatnaşandygy mälim edildi.

Koronawirus ýokanç keseliñ bütindünýäde ýaýramaga başlan 2020-nji ýylyñ dowamynda Kapadokýada şarly gezelenje 120 müñ 917-i adam gatnaşdy, 2021-nji ýylyñ ilkinji alty aýynda bolsa şarly gezelenje 90 müñ 493 syýahatçy gatnaşdy.

Göreme sebiti we töweregine guralýan şarly gezelenç 45 minut dowam edýär.

Habarlar