yslam-dun-sini-mukaddes-gijeleri

Yslam dünýäsiniñ “Mukaddes gijeleri”

Yslam dünýäsiniñ mukaddes gijeleriniñ taryhy gadymy döwürlere daýanýar. Bu gijeler näme üçin möhüm, bu gijelerde haýsy ybadatlar ýerine ýetirlýär?

05 Şubat 2022 11:11

Yslam dininde musulmanlaryň ybadat etmek üçin Alla ýüzlenýän günleri we gijeleri bolýar. Halk arasynda “üç aýlar” diýlip atlandyrylýan Rejep, Şaban we Remezan aýlaryndaky Regaib, Miraç, Berat we Gadyr gijesi musulmanlar üçin möhüm günlerdir.

Bulardan başga-da Rebiülewvel aýynyň on ikinji gijesi “Mewlit gijesi” diýip bellenilýär. Bu mukaddes günlerde musulmanlar ybadat edýärler, agyz bekleýärler we sadaka berýärler.

Seljukdan Osman Imperiýasyna miras galdy

Mukaddes gijeler gadymy döwürlerden bäri bellenip geçilýär. Türkleriñ Seljuk döwründen bäri mukaddes gijeleri belleýändikleri bilinýär.

Osman imperiýasynda takyk senesi belli bolmasa-da,  soltan Selim II-iň  bu mukaddes gijelerde metjitleri we minaralary şemler bilen yşyklanandyrandygy arhiw ýazgylarynda orun alýar.

Osman Imperiýasynda mukaddes gijelerde ýyldyrym köşgünden top atyşlary edilendigi aýdylýar. Şol günlerde ýörite kökeler bişirilip paýlanyardy. Şol günlerde suw hep paýlanýardy. Köçelerden geçenlere küýzelerde suw berilýärdi.

Osman imperiýasynda Gadyr gijesi we Mewlit gijesine uly ähmiýet berilýärdi. Halk, bu mukaddes günlerde owadan täze lybaslaryny geýip wagtlarynyñ köpüsini metjitde geçirýärdi.

Mukaddes Gijeler

 Din işleri guramasynyñ ýokary geñeşiniñ agzasy Idris Bozkurt, Yslam dininde mukadddes kabul edilýän gijeler barasynda beren beýanatynda: “ Üç aý, musulmanlaryň beýleki aýlar bilen deňeşdirilende ybadat, doga we haýyr-sahawat işleri bilen has meşgullanýan döwri. Mundan başga-da, musulmanlar tarapyndan mukaddes hasaplanýan Regaib, Miraç, Berat we Gadyr gijeleriniň üç aýyň içinde bolup geçmegi, bu aýlara berlen ähmiýetiň ýene bir sebäbi. Bu aýlar günälerden saplanma aýlary hasaplanylýandygy üçin bu günleri adamlar ybadatlar bilen geçirýärler”-diýdi.

Bu günlerde näme etmeli?

Regaib, Miraç, Berat, Gadyr we bayram gijelri mukaddes gijelerdir. Bu günlerde Musulmanlar durmuşynyň gidişini gözden geçirmeli; eden ýalňyşlyklary we günäleri üçin toba edýär, namaz okaýar, Gurhan okaýar we namaz okaýar.

Musulmanlar mübärek günlerde we gijelerde köp ýagşy amallar edip bilerler, namaz we doga we gündizine bolsa agyz bekläp ybadatlaryny ýerine ýetirip bilerler.

Gadyr gijesi

Müñ aýdan has haýyrly gijedir.  Gadyr gijesiniň takyk senesi belli bolmasa-da, Remezan aýynyň soňky on gününden biri.

Regaib gijesi

Regaib 'bagyşlamak soramak' manysyny añladýar. Regaib gijesi, üç aýyň habarçysy. Rejep aýynyñ ilkinji anna gijesine gabat gelýär.

Miraç gijesi

Hz. Muhammediň Miraç gudratyny başdan geçiren gijesi. Rejep aýynyñ ýigrimi ýedinji gijesinde bellenilýär.

Berat gijesi

Gurhanyň dünýä inen gijesi. Bu gijä "Berat gijesi" diýilmeginiñ sebäbi Allanyň bagyşlamagynyň köp boljakdygnyy habar berýäni üçin. Şaban aýynyñ on bäşinji gijesine gabat gelýär.

Mewlit gijesi

Hz. Muhammet dünýä inen gije. Rabi-ul-Awwal aýynyň on ikinji gijesi.

Habarlar