yslam-s-herleri-atly-taslamany-2-nji-sergisi-ozbegistanda-acylar

"Yslam şäherleri" atly taslamanyň 2-nji sergisi Özbegistanda açylar

Foto-suratkeş Orhan Durgut, "Yslam şäherleri" atly taslama bilen Yslam dünýäsinde ýaşaýan jemgyýetleriň umumy gymmatlyklaryny görkezmegi maksat edinýändiklerini aýtdy.

05 Mart 2021 21:58

Foto-suratkeş Orhan Durgut beren interwýusynda “Yslam şäherleri” taslamanyñ çäginde 2-nji serginiñ Özbegistanyñ Termiz şäherinde açyljakdygy habar berdi.

Orhan Durgut,“Yslam şäherleri” taslamanyñ Mekgede ýaşan döwründe adamlaryñ ýaşaýyş durmuşlaryny synlanyndan soñ dörändigini nygtap: “ şol günlerde Yslam geografiýasyndan gelen musulmanlaryň birek-biregi söýýändiklerini, birek-birege kömek edýändiklerini we gowy aragatnaşyk saklaýandyklaryny gördüm. Emma Mekgeden çykanyňyzdan soň musulmanlaryñ biri-birine gapma-garşy gelýändigini gördüm. Şondan soñ gelin Yslam Dünýäsini birbirlerine tanyşdyralyň diýdim”- diýdi.

Saudy Arabystanyda çekmäge başlan foto-suratkeşlik sungatyny Siriýada Halap we Damask şäherleride dowam ettirendigini belläp geçen Orhan Durgut: “ Yslam şäherleri” taslamasy üçin yslam taryhynda yz galdyran, hekaýasy bolan 40 döwletden 100 şäheri saýladyk. Şugünki güne çenli 64 şäheriñ foto-suratlaryny çekdik. Geçen ýyl bu taslamanyñ 1-nji sergisini Ymam Buhari Barlag Merkeziniñ çakylygy bilen Buhara şäherinde açdyk. Şu ýyl bolsa taslamanyñ 2-nji sergisini Özbegistanyñ Termiz şäherinde  15-nji martda açarys” diýdi.

Durgut, foto-suratlaryny çeken şäherlerde hökmany suratda hepdäniñ anna gününi şol şäherde geçirýändiklerini nygtap “ Şol gün şäherde adamlaryñ aragatnaşyklaryny hökmany surada düşürýäris. Sebäbi juma namazyndan soñ adamlaryñ edýän söhbetdeşlikleri yslam şäherleriniñ umumy gymmatlygydyr. Käbir ýurtlarda juma metjidleri bar. Anna günleri şäherdäki hemme metjidler ýapyk bolýar diñe juma metjidleri açyk bolýar. Jemagat bu metjidde ýygnanyşýar. Biz bu pursatlary surada düşürýäris” diýdi.

Foto-suratkeş Orhan Durgut,  taslamanyñ çäginde Yrakda Bagdat, Nejef, Kufe we Kerbela şäherleriniñ suratlaryny çekdi we ol ýerde başdan geçiren wakalaryny gürrüñ berdi.

“ Yslam şäherleri” taslamasy çäginde Orhan Durgut Müsür, Tunis, Marokko, Mali we Sudanda hem foto-suratlar çekendiklerini  belläp şugünki güne çenki 64 şäheriñ suradyny çekendiklerini emma 64 sany şäher bilen tutuş Yslam geografiýasyny tanadyp bilmeýändiklerini diñe kiçi bölegini tanatma mümkinçiligine eýe bolandyklaryny aýtdy.

Orhan Durgut, foto-suratkeşligi özbaşdak edýändiklerini sergileri açmak üçin  bolsa maddy goldawa ätiýaç bolandygyny nygtap köp yslam ýurdunyñ sergileri açmaga maddy güýji ýok diýdi. Durgut, Özbegistanyñ Termiz şäherinde açyljak serginiñ yz ýanyndan Daşkent şäherinde açyljakdygy habar berdi.

Durgut  taslamanyñ çäginde Palestinada hem 2 serginiñ gurnaljakdygyny nygtap “ Yslam şäherleri” atly kitap hem çap etmek isleýändiklerini munuñ üçin hem bolsa maddy goldawa ätiýaçlarynyñ bolandygyny aýtdy.

Habarlar