zenan-suratkesleri-eserleri-turki-dun-sini-medeni-pa-tagty-bursa-s-herinde

Zenan suratkeşleriň eserleri "Türki dünýäsiniň medeni paýtagty" Bursa şäherinde sergilenýär

Türki halklaryň medeniýeti we sungaty boýunça halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ tarapyndan “2022 Türki dünýäsiniñ medeni paýtagty” yglan edilen Bursa şäherinde Femin Art Halkara Zenan Sungat işgärleri jemgyýetçilik guramasy tarapyndan taýarlanan sergi sungatşynaslaryñ dykkatyna ýetirildi.

29 Mart 2022 18:42

Taýýare Sungat Merkezinde açylan “ 2022 Medeni paýtagty Bursa” atly sergide 84 sany zenan suratkeşiñ eserleri sergilenýär.

Bursa şäher häkimiñ wekili Halide Serpil Şahin  100 eseriñ bolan sergiñ açylyş dabarasynda eden çykyşynda şäheriñ şu ýyl “ 2022 Türki dünýäsiniñ medeni paýtagty” yglan edilen Bursada şular ýaly köp sanly çäreleriñ gurnaljakdygyny aýtdy.

Bursa şäherinde Türki döwletleriñ başda durmagynda bütindünýä tanadyljak özboluşly çäreleriñ taýarlanýandygyny nygtan Şahin: “Bu çärelere goşant goşan ähli jemgyýetçilik guramalaryna sagbolsun aýdýaryn. Zenan suratkeşlerimizi gutlaýaryn”-diýdi.

Habarlar