2500-yllyk-taryhy-bolan-tagam-ozbek-palawy

2500 ýyllyk taryhy bolan tagam: Özbek Palawy

Özbek aşhanasynyñ iñ esasy tagamy bolan palawyñ 100-den gowrak görnüşi bar.

21 Nisan 2021 00:07

Özbek palawy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyñ supralaryny bezeýän we iñ söýülýan milli tagamlaryndan biridir. 2500 ýyllyk taryha eýe bolan Özbek palawy, ÝUNESKO-nyñ maddy däl medeni mirasynyñ sanawynda orun alýar.

Palaw, özbek halkynyñ gündelik durmuşynyñ we toý-dabaralarynyñ esasy tagamy.  Her aşpazyñ özünden bir zatlar goşup baýlaşdyrýan we bu sebäpdenem “ sungat” diýip taryplanýan palawyñ bişirilişi sebitden sebite tapawutlanýar.

Takmynan 100 görnüşi bolan Özbek palawynyñ nädip bişirilişi Ibn-i Sinanyñ döwrüne çenli uzanýar. Özbegistanda palawy wasp edýän aýdymlar, goşgylar, atasözleri we nakyllar bar. Meselem, “Bir puluñ galsa palaw iý, bir güniñ galsa palaw iý”, “Garyp adam palaw iýer, baý adam bolsa diñe palaw iýer”.

Özbegistanda her ýyl  “Özbek palaw festiwaly” gurnalýar. Ýurduñ tapawutly sebitlerinden gelen aşpazlar öz sebitlerine mahsus bolan palawlary bişirip bäsleşige gatnaşýarlar.

Özbek palawynyñ esasy düzümi; tüwi, et, sogan we käşir

Özbek palawy ýurduň medeniýetinde möhüm orny eýeleýär. Palaw esasanam toý-dabara we jynazalarda uly gazanlarda taýarlanyp adamlara hödür edilýär. Oraza we Gurban baýramyndan bir gün öñ birnäçe maşgala jemlenişip özbek palawy bişirýärler we goñşylara paýlaýarlar.

Habarlar