ady-rowa-atlarda-gec-n-edi-okuz-julgesi

Ady rowaýatlarda geçýän: Ýedi öküz jülgesi

Gyrgyzystandaky ýedi öküz jülgesi ajaýyp tebigaty bilen ýerli we daşary ýurtly syýahatçylary özüne çekýär.

18 Mayıs 2021 22:56

Ýedi öküz jülgesi, Ysyk köl welaýatyndaky krater köl bolan Yssyk köliñ günorta kenarynda we Teskeý Ala Too daglarynyñ eññidinde ýerleşýär.

Jülge tokaýlary, şarlawuklary we arassa howasy bilen syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär. bulardan başga-da at süýdi bilen bejergi berilýän  merkez, jülgäni jahankeşdeleriň üns merkezine öwürýär.

Ýedi öküz jülgesinde baryp görmeli ýerleriň başynda “Ýarylan Ýürek” gaýasy durýar. Bu gaýa ýaşlaryň söýgüsini yglan edýän we iň bagtly pursatlarynyñ suratlary düşürýän ýer hökmünde bilinýär.

Ýedi öküz jülgesi adyny “girelgesinde ýatan öküzlere meňzeýän gyzyl depelerden" alýar. Bu depeleriň emele gelmegi barasynda dürli rowaýatlar bar. Bu rowaýatlardan iň meşhury bir söýgi hekaýasydyr: Gadymy döwürlerde bir baý han ýaşapdyr. Onyñ owadan gyzy bardy. Hanyñ gyzy kakasynyñ öküzlerine bakýan çopana aşyk bolupdyr. Aşyk bolan ýaşlar bilelikde gaçýarlar. Han gyzyny tapmak üçin hemme ýeri gözledipdir. Ahyr soñy ýaşlar tapylýar. Hanyñ jellatlary gyzyñ gözüniñ öñünde çopany we onuñ ýedi öküzüni öldürdýär. Şeýle uly aja çydap bilmeýän gyzyň ýüregi ýarylyp, ýüregi gan damýan iki bölege bölünýär we ýarylan ýürek gaýasy döreýär. Öldürülen ýedi öküz bolsa gyzyl reñkli gaýalar zynjyryna öwrülipdir.

Habarlar