
22 Mayıs 2021 18:31
Arslanhane Metjidi, Ankaranyñ iñ gadymy metjitlerinden biri. XIII asyrda Ankara Galasynda guruldy. Ankara Ahileriñ haýyr-sahawat üçin gurduran bu metjid, Ahi Şerafettin tarapyndan 1290-njy ýýlda agaç ussalary tarapyndan abatlanyp ulaldyldy.
Arslanhane Metjidiniñ hakyky ady Ahi Şerafettin Metjidi bolmagyna garamazdan diwaryndaky arslan şekli sebäpli sebit halky tarapyndan “Arslanhane metjidi” diýip bilinýär.
Şäher taryhçy we ýazyjy Abdülkadir Erdogan metjid barasynda beren beýanatynda, “ Arslanhane Metjidi, Merkezi Aziýa binagärliginiñ Anadola gelip ýeten ilkinji nusgalaryndan biri. Arslanhane metjidiniñ esasy aýratynlygy gönüburçly meýilnamada bolşy, üçekli we köp ýurtdan getirilen enjamlaryñ ulanylan bolmasy. Minarasy sekizburç. metjitde syrçalar hem ulanyldy. Metjidiň minarasy Ankarada ýeke-täkdir”- diýdi.
Metjidiñ içki dizaýnynda Seljuk döwrüniň yzlary bar. Metjidiñ agaç sunalama sungaty bilen bezelen mähraby bar.
Arslanhane metjidi, eýe bolan medeni gymmatlyklary bilen 2018-nji ýylda ÝUNESKO-nyñ Bütindünýä Miras Sanawynyñ wagtlaýyn sanawyna girizildi.
Altyndag şäher häkimi Asym Baljy metjidiñ eýe bolan gadry görmegi üçin bar güýçleri bilen tagalla etjekdiklerini nygtap “Bu metjidiñ geljek nesillere ýetirilmegi, has köp adamyñ bu metjidi tanamagy we syýahatçylyk pudagyna goşant goşmak üçin ÝUNESKO-nyñ Bütindünýä Miras Sanawyna girmegi örän möhim”- diýdi.
Arslanhane metjidi ÝUNESKO-nyñ Bütindünýä Miras sanawyna girizilse sanawda Türkiýeden 19 taryhy eser orun alar.