asyrlara-garamazdan-zamanamyza-gelip-eten-adyg-rliklerden-biri-soltan-sanjary

Asyrlara garamazdan zamanamyza gelip ýeten ýadygärliklerden biri: Soltan Sanjaryň Aramgähi

Ymaratyň özboluşly binagärlik keşbi, diwarlara salnan nagyşlar türkmen ussalarynyň öçmejek şöhratydyr.

19 Mayıs 2021 13:29

Bütündünýä mirasy komitetiniň 1999-njy ýylda bolup geçen XXIII sessiýasynda Türkmenistanyň Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň eteginde ýerleşýän Gadymy Merw ady bilen mälim bolan taryhy-medeni ýadygärlikler toplymy umumyadamzat möçberinde möhüm ähmiýete eýe bolan taryhy-medeni miras hökmünde ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi.
Uzak taryhy döwürleriň dowamynda sebitiň paýtagty bolan bu örän uly şäheriň 2500 ýyllyk taryhy bar. Merw Bagdat, Kair, hatda Damask ýaly yslam dünýäsiniň örän möhüm medeni-syýasy merkezleriniň biri bolupdyr. Beýik türkmen-seljuklaryň hökümdarlyk eden döwri bolan XI–XII asyrlarda Merw özüniň gülläp ösen derejesine ýetipdir. Seljuklaryň imperiýasy Amyderýanyň aşak akymyndan tä Ortaýer deňzine çenli ummasyz giňişlikleri öz içine alypdyr. Beýik seljuklar imperiýasynyň paýtagty bolan döwründe Merw 640 gektar meýdany eýeläp oturan, dünýäniň iň gözel şäherleriniň biri bolupdyr. Bu şäher Murgap derýasynyň şypaly suwy bilen gandyrylýan we bol hasyl berýän bereketli toprakda kemala gelipdir.

Merw yslam dünýäsiniň ähli künjeklerinde ýaşaýan alymlar, şahyrlar we söwdagärler üçin aýratyň özüne çekiji şäher bolupdyr. Emma, 1220-nji ýylda çozup gelen mongol leşgerleri tarapyndan Orta Aziýanyň ähli şäherleri, şol sanda Horasanyň şäherleriniň “enesi” hasaplanýan gözel Merw hem weýran edilipdir, yslam dünýäsiniň ylym hazynasynyň biri bolan Merwiň ajaýyp kitaphalary ýakylypdyr. Mongol esgerleriniň wagşyçylykly çozuşyndan soň Merwde durmuş dowam eden hem bolsa ol ozalky belentligine ýetip bilmändir.

Mongol esgerleriniň wagşyçylykly çozuşyndan soñ şäherde aýakda galyp zamanamyza gelip ýeten ýadygärliklerden biri Seljuklylar döwletiniň iň soňky şasy Soltan Sanjaryň aramgähidir.

Bu binanyň mimary sarahsly meşhur binaçy ussa Muhammet ibn Atsyzdyr. Binýady dört metr çuňlukda tutulan otuz sekiz metr beýikligi bolan bu kümmet dörtburçly bişen kerpiçden salnypdyr. Ymaratyň özboluşly binagärlik keşbi, diwarlara salnan nagyşlar türkmen ussalarynyň öçmejek şöhratydyr.

Soltan Sanjaryň aramgähi barada sungat öwreniji G.A.Pugaçenkowa: „Eger bütin Merw we onuň şöhratyny şöhlelendirýän maglumatlar, hat-da şäheriň ýadygärlikleriniň harabaçylygy-da yz galdyrman ýiten hem bolsa, diňe şu aramgäh galsa, şäheriň ägirtligini duýmaklyga öz-özünden mümkinçilik döreder” diýip, ýazypdyr.

Maryda ýerleşen bu aramgäh hakykatdan hem Demirgazyk Horasan arhitektura mekdebine degişli  deni-taýy bolmaýan ajaýyp nusgadyr. Binanyň özi Soltan Sanjaryň “Ahyrýetde ýaşajak jaýy” diýlip atlandyrylypdyr.

Türkmenistanyň halk arhitekturasynyň ajaýyp ýadygärligi-Soltan Sanjaryň aramgähi Soltan galanyň merkezinde ýerleşýär. Soltan Sanjar ölenden soň, ol özüniň gurduran şol aramgähinde jaýlanypdyr, emma, häzir ol ýerde onuň jesedi ýok, sebäbi XIII asyrda mongollar baýlyk gözläp, onuň guburyny talapdyrlar.

Soltan Sanjar Aramgähi uly toplumyň bir bölegidir, oňa guburyň ýerleşýän ymaratyndan başga-da, köşk otaglary, gümmezli metjidiň binasy girýär. Emma wagtyň geçmegi bilen diňe aramgäh saklanyp galypdyr, onuň gurluşy örän ýönekeý we täsindir. Aramgähiň umumy beýikligi 38 metre ýetipdir we gümmeziň gök syrçasy örän alyslardan görnüpdir. Binanyñ iki gatly gümmeziniň gurluşygy aramgäh gurlandan üç ýüz ýyl geçenden soň, galkynyş döwrüniň ussasy Filippo Bruneleski tarapyndan Florensiýada Santa Marii del Fore aramgähinde gaýtalanypdyr.

Aramgähiň içi hem ýönekeý we täsindir. Ol inedördül meýilnamada bolup, oklarynda çuň tagçlar ýerleşdirilipdir we olar ýylmanak diwarlar bilen utgaşypdyr. Tagçalaryň ýokarsy sekizgyraňly bolup, olar äpet gümmezi göterýär.

Soltan Sanjar aramgähinde 2002-nji ýylda Türkiýe Hyzmatdaşlyk we Utgaşdyryjy Agentligi TIKA tarapyndan abatlaýyş işi başlanyp 2004-nji ýylda tamamlanyp zyýarata açyldy.


 

Habarlar