
16 Temmuz 2021 20:23
Sowýet Soýuzy döwründe “Sergeý Kirow Seýilgähi” ýada “Dagüsti Seýilgähi” ady dakylan Şehitler Hiýabanynda 1918-nji ýylda baş beren Bakuw söweşinde şehit bolan Azerbaýjanly we Türk esgerleri jaýlandy.
1990-njy ýylda Sowýet Soýuzy goşunyñ Bakuw şäherinde asuda ilata garşy guran 20-nji ýanwar gyrgynçylygyndan soñ seýilgäh ýañadan Şehitler Hiýabany diýip atlandyryldy we ýanwar gyrgynçylygynda şehit bolanlar hem bu ýere jaýlandy.
Seýilgähde Şehitler Ýadygärligi we Türkiýe-Azerbaýjan Dostluk Ýadygärligi bar.
Seýilgähiñ girelgesinde bir ýadygärlik, hemişe pasyrdaýan bir baýdak we ýanýan fakel we seýilgähiñ çykalgasynda bolsa bir ýadygärlik bar. Bu ýadygärligiñ içinde öçmeýän od ýanwar.