
26 Nisan 2021 14:16
Azerbaýjanyñ daşary işler ministirligi Çernobyl ýadro elektrik stansiýasynda bolan partlamanyň 35 ýyllygy mynasybetli ýazmaça beýannama çap etdi.
Beýannamada, Azerbaýjanyñ Çernobyl betbagtçylygyndan ejir çeken ýurtlardan biri bolandygy nygtalyp kömek üçin ugradylan 7 müň Azerbaýjan raýatynyň 2 müňüsiniň ýogalandygy we baş beren wakalardan 5 müň adamyň bolsa ejir çekendigi aýdylýar.
Ýadro elektrik stansiýalarynyň howpsuzlygynyň diňe bir ýerleşýän ýurtlaryny däl, eýsem goňşy ýurtlary hem aladalandyrmalydygy nygtalýan beýannamada Ermenistanda yerleşýän Metsamor ýadro elektrik stansiýasy tarapyndan awaýan howplaryñ halkara jemgyýetçiligi tarapyndan hemmetaraplaýyn gözden geçirilmelidigi aýdylýar.
Metsamor ýadro elektrik stansiýanyñ Çernobylda ulanylan meñzeş tehnologiýalar bilen gurlandygy we işjeň seýsmiki zolagynda orun alýandygy ýatladylan beýannamada, “ köne tehnologiýasy we orun alýan ýeri sebäpli Metsamor, dünýäniñ iñ howply ýadro stansiýalaryndan biridir. dürli halkara guramalarynyň desgany “tutuş sebit üçin howp” diýip häsiýetlendirýän duýduryşlaryna garamazdan Ermenistan, Metsamor ýadro elektrik stansiýasyny ulanmaga dowam edýär.”-diýildi.
Ýewropa Bileleşigiñ 2020-nji ýylda Ermenistana Metsamory ýapmaga çagyrandygy ýatladylan beýannamada: “ Metsamorda köne tehnologiýalaryñ ulanylmagy we howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmeýändigi sebäpli has uly sebit üçin daşky gurşaw meselesini döredýär. Mundan başga-da, ýokary derejede baýlaşdyrylan uran ýaly ýadro materiallarynyň bikanun getirilmegi stansiýanyñ we ýadro materiallarynyň dogry saklanmagy baradaky aladalary döredýär.
Ýadro howpsuzlygy we daşky gurşaw bilen baglanyşykly ähli degişli halkara guramalary we sebitdäki ýurtlary döräp biljek uly betbagtçylygyñ öñüni almak üçin habardarlygy ýokarlandyrmaga we Metsamor ýadro elektrik stansiýasyny ýapmak üçin tagalla etmäge çagyrýarys. "-diýilýär.