bakuw-s-herini-nysanasy-gyz-di-i

Bakuw şäheriniñ nyşanasy: Gyz Diñi

Gyz diñi, Bakuw şäheriniñ jadyly we ajaýyp binagärlik eseri.

20 Nisan 2021 23:53

Azerbaýjanyñ paýtagty Bakuwyñ Içerişäher sebiti, taryhy we medeni baýlyklary bilen görenleri haýran edýär. Hazar deñziniñ kenarynda 22 gektarlyk meýdanda gurlan Gyz galasy we Şirwanşahlar Köşki ýaly köp sanda taryhy ýadygärliklere ýer eýeçiligi edýän Içerişäher, Azerbaýjanyñ merjeni kabul edilýär.

2000-nji ýylda ÝUNESKO-nyñ  Bütindünýä medeni mirasynyñ sanawyna girizilen Içerişäher köp sanda ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryñ ünsini özüne çekýär.

Bakuw şäheriniñ esasy nyşanasy bolan “ Gyz Diñi”, biziñ eramyzdan öñki döwre degişli bolan harabalyklaryñ üstünde guruldy. Howadan “Q” harpyna meñzeýän diñiñ eýwanyndan tutuş şähere tomaşa edip bilýäñ. 27 metr beýiklige eýe bolan diñ XII asyrda guruldy we binägäri Mesud bin Dawutdyr.

Gara daşlar bilen örtülen Gyz diñi, şäheriñ esasy ýadygärliklerindendir.  Bir döwürler hazar deñziñ tolkunlary diñiñ düýbüne çenli ýetýän eken. Gyz diñini wasp edýän köp sanda opera we balet sergilendi, şygyrlar ýazyldy. Esasanam gijelerine Gyz diñi köp adama ylham çeşmesi bolmaga dowam edýär. Hakynda köp sanda rowaýatlaryñ gürrüñ berilýän diñ XVIII we XIX asyrda maýak hökmünde ulanyldy.

Azerbaýjanyñ pullarynda we käbir resminamalarda nyşan hökmünde ýerleşdirilen 8 gatly Gyz diňde şugünki gün sowgatlyk zatlaryñ satylýan dukkanlar bar we sergiler gurnalýar.

Habarlar