bakuw-s-herini-taryhy-eri-iceri-s-her

Bakuw şäheriniñ taryhy ýeri: Içeri şäher

Döwrebap diňleriň arasynda taryhy diwarlar bilen gurşalan sebitde ýerleşýän Içeri şäher, şäheriñ merkezi we medeni hazynasydyr.

04 Haziran 2021 20:20

Hazar deñziniñ kenarynda, takmynan 22 gektarlyk meýdanda gurlan,  Gyz galasy, Şirwanşahlar Köşki ýaly köp sanda taryhy ýadygärliklere ýer eýeçiligi edýän Içeri şäher, Azerbaýjanyñ merjeni diýip kabul edilýär.

“Köne Baku” diýip tanalýan bu sebitiñ taryhy paleolit ​​döwrüne çenli uzanýar. Şäherde Parslardan Sowýetlere, Araplardan Osmanlylara çenli dürli medeniýetleriň yzlary bar. Şäheriñ edil merkezinde töwereginde 27 metr beýiklikde, 5 uly giriş gapysy bolan we XII asyrda gurlan diwarlar bilen gurşalan Içeri şäher, labirent ýaly dar, daş köçeler we taryhy binalary bilen gaty owadan ýer. Içeri şäher Bakuwa gelen jahankeşdeleriñ 1-nji duralgasy bolýar. Bu ýer, antika söýüjiler we kollektorlar üçin jennet bir ýer.

Şäheriñ merkezindäki gadymy binalary bezeýän heýkeller we diwarlar haýran galdyrýar. Balkonlar, gapylaryñ ýüzündäki bezegler we owadan aýna we sütünler hem täsin galdyryjy.

Içerı şäherde orun alýan Gyz Diñi we Şirwanşahlar Köşki ÝUNESKO-nyñ bütindünýä miras sanawynda orun alýar.

Habarlar