buhara-s-herini-nysanasy-kalan-minara

Buhara şäheriniñ nyşanasy: Kalan Minara

Kalan Minara, Buhara şäheriniñ iñ beýik gurluşugy bolup ýerli we daşary ýurtly jahankeşdeleriñ ünsüni özüne çekýär.

09 Temmuz 2021 20:57

“Minare-i Kelan” ýagny iñ beýik minara manysyny añladýan Kalan Minara, Merkezi Aziýanyñ iñ owadan minaralaryndandyr.

Minaranyñ beýikligi 47 metr, ini bolsa 9 metrdir. Minara, Garahanid hanlygy döwründe 1127-nji ýylda Aslanhan Muhammed tarapyndan gurduryldy.

Minaranyñ käbir bölekleri mawy plitkalar bilen bezelipdir. Minaranyň orta bölegi bolsa kufa stilinde ýazgylar bar.

Gadymy döwürde şähere gelýän kerwenleriň aňsatlyk bilen ýollaryny  tapmalary üçin gije minaranyň depesinde ot ýakylandygy gürrüñ berilýär.

Habarlar