
05 Mayıs 2021 01:02
Registan sözi, “gumluk ýer” manysyny añladýar. Bu meýdanda hökümdarlaryñ permanlary okalypdyr, uly toý-dabaralar gurnalypdyr. Meýdanda Ulukbeg Medrese, Şirdar Medrese we Tillakari Medresi ýaly öz döwrüniň iň ýokary bilim ojaklary orun alýar.
Medreseleriñ diwarlary owadan nagyşlar bilen, medreseleriñ gapylary bolsa Gurhanyň aýatlary we süreleri bilen bezelipdir.
Merkezi Aziýa-Türk binagärliginiñ deñi-taýy bolmaýan nusgalaryna ýer eýeçiligi edýän Registan meýdany, 2001-nji ýylda ÝUNESKO tarapyndan Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.
Ulukbeg Medrese
Registan meýdandaky 1-nji medrese Ulukbeg Medrese, 1417-1420-nji ýyllarda Teýmiriler imperiýasynyñ hökümdary we astronom, bilim adamy Ulukbeg tarapyndan gurdurlypdyr.
Ulukbeg Medresesi, XV asryñ iñ uly ýokary bilim ojaklaryndan biri bolupdyr. Medresede astronomiýa we matematika esasly bilim berildi. Meşhur alym we filosof Nureddin Abdurrahman Jami hem bu medresede bilim aldy.
Şirdar Medrese
1616-1635-nji ýyllarda gurlan Şirdar Medrese “ Arslanly” manysyny añladýar. Medrese adyny, girelgesine oýulan iki ýolbarsyň jeren awlarynyň suratyndan alypdyr. Bu medrese Ulukbeg medresäniñ edil garşysynda orun alýar.
Medresäniñ meýilnamalaşdyrylyşy we bezegleri Ulukbeg Medresä esaslanyp taýarlanypdyr.
Tillakari Medrese
Ulukbeg we Şirdar Medresäñ ortasynda orun alýan Tillakari Medrese, 1646-1660 ýyllarda Ýalangtuş Bahadyr tarapyndan gurdyrlypdyr. “Tillakari” sözüniñ manysy “altyn bilen nagyşlanan” diýmekdir.
Tillakari Medrese diñe bilim ojagy bolman eýsem metjid hökmünde hem ulanylypdyr.
Registan Meýdanynda zamanamyzda festiwallar, konsertler we baýramçylyk çäreleri gurnalýar.