
25 Haziran 2021 20:34
Dünýä belli özbek halk tanslarynyň arasynda, esasanam Andižan, Samarkand, Fergana, Daşkent, Buhara we Harezm tansy estetika we horeografiýasy bilen özboluşly sungatdyr.
Harezm sebitine mahsus bolan "Lazgi" tansy özbek medeniýetinde esasy orny eýeleýär. Lazgi tansy, halk aýdymlary we tanslardan ybarat. Tansyñ sazy giriş we 3 bölümden ybarat.
Tans haýal we ýönekeý hereketlerden başlaýar. Ilki barmaklar, bilekler, eginler, soň bolsa tutuş beden janlanyp başlaýar. Aýdymyň bir bölümi gaýtalananda, tans gezekli-gezegine hereket edýär. Sazyň üýtgemegi we tizligiň ýokarlanmagy bilen tans hasam güýçlenýär.
Häzirki wagtda Harezmde "Kawroq lazgi", "Dutor lazgi", "Surneý lazgi" ýaly lazgi tansynyň 9 görnüşi bar. Bulardan başga-da XX asyryň ortalaryndan başlap, kompozitorlar tarapyndan lazgi sazy bilen köp sazlar döredildi.
2019-njy ýylyñ 12-nji dekabrynda ÝUNESKO-nyñ maddy däl medeni mirasy guramasynyñ 14-nji maslahatynda Özbegistanyñ Harezm sebitine mahsus bolan “Lazgi” tansy, ÝUNESKO-nyñ maddy däl medeni miras sanawyna girizildi.