
09 Temmuz 2021 20:58
Sada görnüşli bu bina, meşhur Krym tatarlaryň “Terjimeçi” gazetini we türk dünýäsine uly täsir eden beýleki neşirlerini çap eden ýeri bolupdyr. Ysmaýyl Gaspyralyň öýi hem şol howluda ýerleşýärdi.
Gaspyraly ýaşaýarka bu ýeri diñe bir neşirýat däldi, eýsem Russiýa Imperiýasyndaky Türk/Musulman halklarynyñ milli oýanyş hereketiniñ we beýik bilim reformasynyň merkezi ştabydy.
Terjimeçi gazetiniň çaphanasy we dolandyryş edarasy 1921-nji ýylda Hansaraý muzeýiniň müdiri Krym tatar arheolog we etnograf Hüseýin Bodaninskiniň tagallasy bilen muzeýe öwrüldi. Muzeý, Stalin döwründe 1932-nji ýylda ýapyldy.
Muzeýde sergilenen köp sanda eser ýitirim boldy, Huseýin Bodaninska bolsa 1938-nji ýylyñ 17-nji aprelinde ölüm jezasy berildi.
Köp wagtlap ýaşaýyş jaýy hökmünde ulanylan bu bina 1990-njy ýyllarda Türkiýedäki Krym birleşiginiň baş edarasy tarapyndan uzak wagtlap dowam eden göreşden soň satyn alyndy we 2001-nji ýylda Türkiýe Respublikasynyň goşantlary bilen abatlandy we “Ysmaýyl Gaspyraly” müzeýi bolup halka açyldy.
Bina, XX asyryñ başynda guruldy. Muzeýde Ysmaýyl Gaspyrala we Bahçesaraý şäherine degişli bolan suratlar, neşirler, şahsy zatlar ýaly köp sanda eserler sergilenýär.